Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanyň prezidenti öz aýalyny birinji wise-prezident edip belledi


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew we onuň aýaly Mihriban Alyýewa
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew we onuň aýaly Mihriban Alyýewa

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew öz aýalyny birinji wise-prezident edip belledi. Täze döredilen wezipe boýunça Alyýew aradan çykan ýa ýarawsyz bolan halatynda iş başyna onuň aýaly gelýär.

Alyýewiň öz aýaly Mihriban Alyýewany bu wezipä bellemegi baradaky permany 21-nji fewralda prezidentiň websaýtynda ýerleşdirildi.

Birinji wise-prezidentlik, şeýle hem iki sany ondan aşagrak wise-prezidentlik wezipeleriniň döredilmegine baş kanuna düzediş girizmek boýunça 2016-njy ýylyň sentýabrynda geçirilen referendum boldy.

Täze konstitusiýada bellenmegine görä, indi prezident wezipelerini ýerine ýetirmäge ýarawsyz bolan halatynda ýurdy wise-prezident dolandyrmaly. Referendumdan öň bu wezipe premýer-ministre degişlidi.

Referendum oppozision syýasatçylar we aktiwistler tarapyndan berk tankyda uçrady. Olar bu iş atasyndan soňra 2003-nji ýyldan bäri öňki Sowet Soýuzynyň nebite baý respublikasyna hökümdarlyk edip gelýän Alyýewiň häkimiýeti öz elinde saklamagyny güýçlendirer diýýärler.

Referendumyň netijeleri

Referendum prezidentlik möhletini-de bäş ýyldan ýedi ýyla ýetirdi, şeýle hem prezidentlige dalaşgärlerden edilýän ýaş talabyny ýatyrdy. Bu hem Alyýew özünden soňra 19 ýaşly ogly Heýdaryň prezident bolmagyna ýol arçaýar diýen çaklamalara sebäp boldy.

52 ýaşly Mihriban Alyýewa häkimiýet başyndaky “Täze Azerbaýjan” partiýasynyň başlygynyň orunbasary. Ol şol bir wagtyň özünde täze garaşsyzlyga çykan Azerbaýjana hökümdarlyk edip gelen gaýyn atasynyň adyna döredilen Haýdar Alyýewiň fonduna-da ýolbaşçylyk edýär.

55 ýaşly Ylham Alyýew adam hukuklaryny goraýjy toparlar we Günbatar hökümetleri tarapyndan oppozision syýasatçylary, adam hukuklary boýunça aktiwistleri we žurnalistleri yzarlamakda, şeýle hem halkara synçylar tarapyndan erkin we adalatly diýlip ykrar edilmedik saýlawlar we referendumlar arkaly öz güýç-gudratyny giňeltmekde aýyplanýar.

Alyýewa birinji wise-prezidentlige bellenmezden öň...

Alyýew bu aýdylýanlary, şeýle hem garyndaşparazlyk we korrupsiýa baradaky aýyplamalary ret edýär.

21-nji fewralda Mihriban Alyýewa birinji wise-prezidentlige bellenmezden öň köp adamlaryň tutulandygyny Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hatyja Ysmaýylowa habar berdi.

Ol öz Facebook sahypasynda oppozision aktiwistleriň birnäçesiniň bir aý möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edilendigini bildirdi. Onuň çaklamagyna görä, bu Alyýewiň aýalynyň birinji wise-prezidentlik wezipesine bellenmegi sebäpli köçelerde turmagy mümkin protestleriň öňüni almak üçin edilen iş.

Ysmaýylowa maliýe jenaýatçylygynda aýyplanyp, 2015-16-njy ýyllarda 17 aýlap türmede oturdy. Ysmaýylowanyň özi we onuň tarapdarlary hökümet bu işi Alyýewiň we onuň garyndaşlarynyň korrupsiýa işleri hakda raport taýýarlamagy sebäpli Ysmaýylowadan öç almak üçin etdi diýýärler.

XS
SM
MD
LG