Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanda 10 müň som hümmetli täze pulunyň girizilmegine garaşylýar


Özbegistanyň milli puly

Özbegistanyň Merkezi bankynyň ýakyn wagtda çap etmegine garaşylýan 10 müň som hümmetli täze pulunyň hasaplaşygy ýeňilleşdirjegi aýdylýar.

Bankyň metbugat-wekiliniň 21-nji fewralda AÝ/AR-na aýtmagyna görä, özbek kanun çykaryjylary pul reformasyna degişli teklip edilen çäräni bir gün ozal tassyklapdyr.

10 müň som hümmetli täze pul 3 amerikan dollaryna barabar, ýurduň resmi kursuna laýyklykda 1.6 amerikan dollaryna barabar.

Emma parlamentiň kararynda täze puluň haçan dolanyşa giriziljegi görkezilmedi.

Özbegistanda iň uly hümmetli pul banknotasy 5 müň som, ol 2013-nji ýylda dolanyşa girizilipdi.

Özbegistanly ykdysadyýetçi Tohir Sobirow ýurdaky hasaplaşyk problemasyny çözmek üçin 50 we 100 müň hümmetli pul banknotalarynyň girizilmegine zerurlygyň bardygyny AÝ/AR-na aýtdy.

XS
SM
MD
LG