Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan: Meşhur žurnalist we syýasy tussag Muhammad Bekjon 17 ýyldan soň boşadyldy


Özbegistanly meşhur žurnalist we syýasy tussag Muhammad Bekjon, 1995 ýyl.
Özbegistanly meşhur žurnalist we syýasy tussag Muhammad Bekjon, 1995 ýyl.

Özbegistanly meşhur žurnalist we syýasy tussag 17 ýyl türme tussaglygyndan soň türmeden boşadyldy.

63 ýaşly žurnalist Muhammad Bekjon 22-nji fewralda türme möhletiniň dolmagyndan soň türmeden boşadylandygyny AÝ/AR-na telefon arkaly aýtdy.

Hökümete degişli bolmadyk Serhetsiz Reportýorlar Guramasy (RSF) Bekjony “dünýäde iň uzak möhletli türme tussaglygynda saklanan žurnalistleriň” sanawyna girizdi.

Bekjon 1994-nji ýylda daşary ýurda çykmaga mejbur edilýänçä oppozision Erk gazetiniň baş redaktorydy.

1999-njy ýylda Bekjon Ukrainanyň paýtagty Kiýewde ogurlanyp, Daşkende alnyp baryldy. Özbegistanda žurnaliste prezident Yslam Kerimowa garşy güman edilen terrorçy hüjüme gatnaşmakda günä ýöňkeldi we ol 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Muhammad Bekjon aýyplamalary ret etdi we syýasy matlaply atlandyrdy.

2011-nji ýylda žurnalistiň tussaglyk möhletiniň dolmagyna bir aý galanda onuň tussaglyk möhleti ýene dört ýyl we sekiz aý uzaldyldy.

Özbegistany uzak waglap dolandyran Yslam Kerimowyň 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda aradan çykmagynyň yzýany häkimiýet başyna geçen Şawkat Mirziýaýew ýurtdaky awtoritar gözegçiligi çäklendirmek syýasatynyň çäginde syýasy tussaglary boşadyp başlady.

15-nji fewralda syýasy tussag hasaplanýan bank ýolbaşçysy 69 ýaşly Rustam Usmonow 19 ýyllyk türme tussaglygyndan soň boşadyldy.

Noýabr aýynda öňki kanun çykaryjy 72 ýaşly Samandar Kokonow, 23 ýyldan soň türmeden çykdy.

Agzalan üç adam tussaglyk möhletiniň dolmagynyň netijesinde türmeden boşadyldy, emma olaryň türmeden goýberilmegi häkimiýetleriň ýurtda syýasy matlaply iş kesilen adamlaryň türme möhletini uzaltmak tejribesinde öwrülişikli bir pursat boldy.

XS
SM
MD
LG