Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Baş sudy syýasy aktiwist Ildar Dadine garşy gozgalan işi ýatyrdy


Syýasy aktiwist Ildar Dadini goldamak boýunça geçirilen protest aksiýasy, 9-njy noýabr, 2016.
Syýasy aktiwist Ildar Dadini goldamak boýunça geçirilen protest aksiýasy, 9-njy noýabr, 2016.

Orsýetiň Baş sudy syýasy aktiwist 34 ýaşly Ildar Dadin babatynda rugsat berilmedik köp sanly protestlere gatnaşmak aýyplamasynyň esasynda çykarylan hökümi ýatyrdy.

Baş suduň 22-nji fewralda çykaran kararyna laýyklykda Dadiniň işi ýapyldy.

Orsýetiň we halkara guramalary tarapyndan syýasy tussag hökmünde ykrar edilen Ildar Dadine 180 günüň dowamynda birden has köp protest aksiýasyna gatnaşmak üçin jenaýat jezasyny göz öňünde tutýan gapma-garşylykly kanunyň esasynda iş kesilipdi we ol iki ýarym ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Dadin Baş suduň diňlenişigine türmeden wideo arabaglanyşyk arkaly gatnaşdyrylypdy.

Baş prokuroryň orunbasary Leonid Koržinek Dadiniň işiniň ýapylmalydygyny, sebäbi onda jenaýat subutnamasynyň ýokdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG