Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amnesty International: Soňky ýylda Türkmenistanda adam hukuklary gowulanmady


Amnesty International guramasynyň hasabaty
Amnesty International guramasynyň hasabaty

"Amnesty International" guramasy soňky ýylyň dowamynda Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň gowulanmandygyny aýdýar.

Guramanyň 2016-njy ýyla syn berip, 22-nji fewralda çap eden ýyllyk hasabatynda bellenişine görä, Türkmenistanyň geçen ýylyň aprel aýynda 2020-nji ýyla çenli döwre degişli adam hukuklary boýunça milli planyny kabul etmegine garamazdan, ýurtda adam hukuklary bilen bagly ýagdaý gowulanmady. Raýat jemgyýetçiliginiň guramalary erkin işläp bilmediler, ýurda adam hukuklaryna gözegçilik edýän garaşsyz synçylar goýberilmedi, piki, bileleşmek, din azatlyklary berk çäklendirildi, hereket azatlygyna bolan çäklendirmeler saklandy, diýlip maglumatda aýdylýar.

Şeýle-de, türkmen döwletiniň habar beriş serişdelerine gözegçiligini dowam etdirendigi, garaşszy habar beriş serişdeleriniň işlemegine mümkinçiligiň bolmandygy hasabatda bellenýär.

Amnesty International gurmasynyň ýyllyk hasabatynda Türkmenistanda we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýurt baştutanlarynyň öz häkimiýetini güýçlendirmek boýunça çärelerini dowam etdirendigini belledi.

Türkmenistanyň Baş kanunyna düzediş girizip, prezidentiň döwlet başyndaky möhletini ýedi ýyla çenli artdyryp, ýaşyna degişli çäklendirmeleri aradan aýyrandygyny, ýurduň adam hukuklary boýunça baş wekili ombudsmen wezipesiniň döredilmeginiň iş tapgyrynda galandygyny halkara guramasy täze hasabatynda belledi.

Türkmenistan ombudsmeniň wezipesini döretmek barada kararyny 2015-nji ýylyň başynda mälim etdi, 2016-njy ýylyň dekabr “Ombudsmen hakynda” kanun kabul etdi, emma kanunyň 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girmegine garamazdan ýurduň adam hukuklary boýunça baş wekili entek bellenmedi.

XS
SM
MD
LG