Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG, AI Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň türmeden boşadylmagyny makulladylar


Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşow

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşow

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Gurmasy (YHHG) we adam hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” halkara guramasy Türkmenistanda iki ýarym aýlap türmede saklanan Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň we onuň Ejesi Gurbantäç Arazmädowanyň iki ýarym aýdan soň türmende çykarylmagy bilen baglylykda 22-nji fewralda beýannamalary çap etdiler.

Hudaýberdi Allaşow we onuň ejesi Gurbantäç Arazmädowa 15-nji fewrlda suduň jaýyndan boşadyldy. Suduň çykaran kararyna görä, olar nas saklamak aýyplamalarynyň esasynda üç ýyllyk şertli tussaglyga höküm edildi.

ÝHHG-niň media azatlygy boýunça wekili Dunja Miýatowiç öz beýannamasynda Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň boşadylmagyny makullady we oňa garşy gozgalan jenaýat aýyplamalarynyň hem tiz wagtda ýatyryljagyna umyt baglady.

Amnesty International gurmasynyň beýannamasynda 3-nji dekabrda tussag edilen Allaşowyň öýünde diňe az mukdarly nasyň tapylandygyny bellenýär we ýurtda nas temmäkisine gadagançylygyň bolmagyna garamazdan, onuň köpçülikleýin ulanylýandygy we geçmişde munuň tussaglyklara getirmeginiň mälim bolmandygy aýdylýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Tomas Kent Türkmenistanyň möhüm ädim ädendigini belläp, "Indi türkmen hökümetinde Saparmämmet Nepesgulyýewi boşatmak we garaşsyz žurnalizme garşy adalatsyz kampaniýany bes etmek arkaly täze standarty ýola goýmaga mümkinçilik bar" diýdi.

AÝ/AR Türkmenistanda 2015-nji ýylda tussag edilen habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň ykbalyna aladalanma bildirýär.

XS
SM
MD
LG