Sepleriň elýeterliligi

Yragyň harbylary Mosulyň aeroportunda hüjüme başladylar


Yrak goşuny “Yslam döwleti” (YD) toparynyň söweşijilerine garşy söweşde top oklaryny ulandy, Mosul şäheriniň günorta bölegi, 23-nji fewral, 2017.

Yrak goşuny “Yslam döwleti” (YD) toparynyň söweşijilerine garşy söweşde top oklaryny ulandy, Mosul şäheriniň günorta bölegi, 23-nji fewral, 2017.

23-nji fewralda Yragyň resmileri öz harbylarynyň Mosulyň ulanylmaýan aeroportuň territoriýasyna girip, onuň territoriýasynyň ýarysyna golaýyny öz gözegçiligine alandygyny habar berdiler.

Harbylaryň aeroportuň binasynyň içinde gizlenen “Yslam döwleti” (YD) toparynyň söweşijileri tarapyndan güýçli oka tutulandygy aýdylýar. Resmiler ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara koalisiýasynyň güýçleriniň hüjüme gatnaşandygyny mälim etdiler.

Şu aýyň başynda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara koalisiýasy Mosul şäheriniň günbatar bölegini ele salmak boýunça çärelere başlapdy. Resmiler operasiýanyň netijesinde 19-njy fewraldan bäri 120 kwadrat metr çemesi giňişligiň ele salnandygyny aýdýarlar.

Yragyň resmileri Mosul şäherini günbatar bölegine golaýdaky birnäçe günde girmeginiň ähtimaldygyny aýdýarlar.

YD toparynyň söweşijileri Mosul şäherini 2014-nji ýylyň tomsunda ele saldylar.

ABŞ-nyň resmileriniň 20-nji fewralda aýtmagyna görä, YD toparynyň iki müň çemesi söweşijisi şäherde garşylyk görkezýär.

Yragyň ululygy boýunça ikinji şäheri we YD toparynyň soňky galasy hasaplanýan Mosul şäherinde 750 müň çemesi adam galýar.

XS
SM
MD
LG