Sepleriň elýeterliligi

Orsýet ABŞ-nyň howpsuz zonalary döretmek planyna Siriýanyň hökümeti gatnaşmaly diýýär


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (ç) we ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson (s), Germaniýanyň Bonn şäheri, 16-njy fewral, 2017

Orsýet Siriýada howpsuz zonalary döretmek barada ABŞ bilen dialoga taýýar, emma şeýle planyň Siriýanyň hökümeti bilen sazlaşdyrylmalydygyny hasap edýär, diýip Orsýetiň baş diplomaty aýtdy.

Daşary işler ministri Sergeý Lawrow howpsuzlyk zonalary ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson bilen geçen hepdede Germaniýada duşuşanda gysgaça maslahat edendigini 22-nji fewralda Moskwada geçirilen metbugat-konferensiýasynda aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Siriýada howpsuzlyk zonalary döretmek isleýändigini we siriýalylaryň ýurtdan gaçyp, ABŞ-da we Ýewropada bosgun bolmagyň ýerine şol howpsuzlyk zonalarda ýaşap biljekdigini aýdypdy.

Tramp ABŞ-nyň Goranmak we Döwlet departamentlerine planyň jikme-jiklerini işläp düzmegi tabşyrdy.

XS
SM
MD
LG