Sepleriň elýeterliligi

Yragyň ilkinji goşunlary Mosul şäheriniň günbatar bölegine girdiler


Yragyň harbylary Mosulyň aeroportunyň territoriýasyna girende, 23-nji fewral, 2017.

Yragyň goşunlary Mosul şäheriniň günbatar bölegine girdiler. Hökümet güýçleri şäheri “Yslam döwleti” (YD) toparynyň söweşijileriniň elinden almak üçin dört aýyň dowamynda amala aşyran gabawdan soň hüjümiň jemleýji tapgyryna girişdiler diýip, harby ýolbaçylar aýtdylar.

Terrora garşy göreş boýunça gullugynyň resmisi general-leýtenant Sami al-Aridhiniň 24-nji fewralda aýtmagyna görä, yrak harbylary Mosulyň Al-Maamun etrabyna giripdir.

Yragyň hökümeti 2014-nji ýylda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň gözegçiligine geçen Mosul şäheriniň gündogar böleginiň ýanwar aýynda azat edilendigini yglan etdi.

Yragyň ululygy boýunça ikinji şäherinde Mosulda 750 müň çemesi ýaşaýjynyň galýandygy aýdylýar. Bu şäher YD toparynyň ýurtda soňky galasy hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG