Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almaty: Tussag žurnalistiň goldawyna geçirilen protest barada habar beren blogger saklandy


Gazagystanly blogger Aşhat Bersalimow (s) we aktiwist Kural Medeuow (ç), Almaty, 2-nji noýabr, 2016.
Gazagystanly blogger Aşhat Bersalimow (s) we aktiwist Kural Medeuow (ç), Almaty, 2-nji noýabr, 2016.

Gazagystanly blogger garaşsyz žurnalistiň tussaglykda saklanmagyna garşy protest barada habar bermäge synanyşandan soň tussag edildi.

Blogger Aşhat Bersalimowyň aklawçysy Žanar Balghabaýewa öz müşderisiniň 23-nji fewralda 15 günlük administratiw tussaglygyna höküm edilendigini AÝ/AR-na aýtdy.

Bersalimow Almaty şäherinde Milli howpsuzlyk komitetiniň edara jaýynyň öňünde saklanypdy. Blogger žurnalist Žanbolat Mamaýi tussag astyndan boşatmaga çagyryş edip protest geçiren adam barada habar bermäge synanyşypdy.

Polisiýa protestçi Erlan Kaliýewi dessine tutup äkitdi, Bersalimow hem tussag etdi.

“Syýasy galam-Tribuna” atly neşriň redaktory Žurnalist Mamai 10-njy fewralda tussag edilip, bikanun pullary ýuwmakda aýyplandy.

Mamai özüne garşy gozgalan işiň syýasy matlaplydygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG