Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýada Türkmenistanda tapylan seýrek gadymy tapyndylaryň sergisi geçiriler


Gadymy Merw arheologiýa zolagy, Türkmenistanyň Mary welaýaty, 2014.
Gadymy Merw arheologiýa zolagy, Türkmenistanyň Mary welaýaty, 2014.

Türkmenistanyň territoriýasynda tapylan 2.5 müň ýyllyk gadymy tapyndylar Germaniýada köpçülige görkeziler.

Türkmen-german forumynda 2006-njy ýylda geçirilen maslahatyň netijelerinde häzirki eýýämden öňki döwrüň 8-6-njy asyrlaryna degişli seýrek gadymy tapyndylaryň sergisiniň Germaniýada geçiriljekdigi mälim boldy diýlip, media maglumatlarynda habar berilýär.

Maglumata görä, gadymy tapyndylar bürünç eýýäminiň Margiana imperiýasyna degişli. UNESCO halkara fondunyň dünýä baýlygynyň sanawyna girýän Margiana häzirki Türkmenistanyň Mary welaýatynyň territoriýasynda ýerleşipdir.

Bilermenler şeýle sergileriň geçirilmeginiň ýurduň syýahatçylyk potensialyny artdyrmaga we öz taryhyna hem medeniýetine has köp üns çekmäge mümkinçilik berýär, diýilip media maglumatlarynda bellenýär.

XS
SM
MD
LG