Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat Ankaranyň iň uly ýarag alyjysyna öwrüldi


Goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow

Goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkiýäniň eksport edýän harytlarynyň Aşgabatda guralan sergisi öz işini tamamlady we şu aralykda Türkmenistanyň soňky bäş ýylda Türkiýeden iň kän ýarag satyn alýan ýurda öwrülendigi belli boldy.

Emma bu habar türk we türkmen çeşmelerinden däl, Stokgolmada parahatçylyk meselelerini öwrenýänhalkara institutyň (SIPRI) täzelikde çap eden hasabatyndan alyndy.

Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen Ýaragly güýçleri başda ozalky SSSR-den galan harby tehnika we ýaraglar bilen ýaraglandyryldy. Şol bir wagtda, türkmen goşunynyň ýaraglanyşy baradaky habarlarda on ýyl mundan öňem bu ýurduň henizem esasan köne sowet ýaraglaryna we harby tehnikasyna garaşly bolup galýandygy bellenýärdi.

Emma soňky ýyllar Türkmneistanyň öz Ýaragly güýçlerini iň döwrebap harby tehnika, täze ýaraglar bilen barha kän üpjün etmäge çalyşýandygy barada habarlar çykýar.

Stokgolmdaky halkara institutyň ylmy-barlaglaryna laýyklykda, Türkmenistan ýaraglaryň esasy görnüşlerini import edýän ýurtlaryň sanawynda 40-njy orny eýeleýär.

Täze hasabatda öňki sowet respublikasy bolan Azerbaýjanyň ýarag söwdasynda Belarusyň esasy alyjylarynyň birine öwrülendigi, Türkmenistanyň bolsa soňky bäş ýyldaTürkiýäniň esasy ýarag alyjylarynyň biri bolandygy, ýagny türk ýaraglarynyň eksportynyň 29 prosentiniň Türkmenistana edilýändigi aýdylýar.

Hasabat Aşgabadyň soňky bäş ýyldaky ýaraglarynyň 36 prosentiniTürkiýeden alandygyny belleýär. Ýöne Aşgabat ýarag bazaryny diwersifikasiýa edip, satyn alýan ýaraglarynyň galan 27 prosentini Hytaýdan, ýene bir 20 prosentini bolsa Russiýadan alypdyr.

Post-sowet döwletleri boýunça harby ekspert Aleksandr Alesiniň pikirine görä, Aşgabadyň Ankaranyň esasy ýarag alyjysy bolmagy Türkiýäniň öňki sowet giňişliginde, hususan-da türki dilli respublikalarda barha çuňdan ornaşmak ugrunda edýän tagallalary bilen bagly.

Olar türki dilli respublikalary Türkiýäniň milli bähbitleriniň zonasy diýip hasaplaýarlar we şu sebäpden Azerbaýjan, Gazagystan we Türkmenistan bilen örän aktiw işleşýärler, olar bilen bu ugurda barha kän söwda etmäge çalyşýarlar diýip, Alesin Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Şeýle-de ol Türkiýäniň bu ýurtlaryň ýaşlaryny ilkinji orunda özünde harby hünärler boýunça okatmaga çalyşýandygyny belledi.

Aleksandr Alesin türk ýaragynyň hili barada berlen soraga ol ýaraglaryň başda günbataryň, hususan-da german harby-senagat toplumlarynyň iň gowy nusgalary bolandygyny aýtdy. Ýöne ekspert häzir, soňky ýyllarda Türkiýäniň öz ýarag kärhanalaryny ösdürýändigini, şeýle-de günbatr ýurtlaryndan, ABŞ-dan ýalan ýarag böleklerini özünde ýygnaýandygyny, raketa-gorag sistemalaryny, uçarlary, bronly tehnikalary, harby gämileri özünde öndürýändiginiaýtdy. Alesiniň pikirine görä, bu «gowy orta dereje».

Türkmenistan soňky on ýylda harbylaryň maddy-enjamlaýyn bazasyny, goşunyň goranyş kuwwatyny berkidýändigini aýdýar.

Harby ekspert Alesiniň pikirine görä, islendik ýurduň goşunynyň goranyş kuwwaty, ozaly ýaraglarynyň hili bilen däl, eýsem şol ýaraglara erk etmegiň öwredilişi, harby tälimiň we yzygiderli taýýarlygyň derejesi bilen ölçelýär we hut şu tälim hem köp wagt, köp serişde talap edýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG