Sepleriň elýeterliligi

Tramp ABŞ-nyň ýadro arsenalyny güýçlendirmek isleýändigini duýdurdy


Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Amerikanyň ýadro ýaraglaryna eýe ýurtlaryň arasynda “iň ýokary orunda” durmalydygyny aýdyp, özüniň ýurduň ýadro arsenalyny güýçlendirmek isleýändigini duýdurdy.

Tramp 23-nji fewralda “Reuters” habar gullugyna beren ýörite interwýusynda Birleşen Ştatlaryň “atom ýaragyna esaslanýan gudratynyň” yza galandygyny aýtdy.

“Dünýäde hiç bir ýurduň ýadro ýaragynyň bolmazlygy ajaýyp zat, bu bir ýokary arzuw, ýöne beýleki ýurtlar ýadro ýaraglaryny edinjek bolsa, onda biz olardan ýokarda bolarys” diýip, Tramp aýtdy.

Tramp şeýle hem Birleşen Ştatlar bilen Orsýet arasynda strategik ýaraglary çäklendirmek boýunça 2010-njy ýylda baglaşylan “Täze START” geleşigini “bir taraplaýyn” diýip atlandyrdy.

Bu geleşikde iki tarapyň-da özleriniň strategik ýadro ýaraglary arsenallaryny geljek ýylyň, ýagny 2018-njy ýylyň noýabryna çenli deň derejä getirmegi we 10 ýyllap şol derejede saklamagy göz öňünde tutulýar.

“Ýaramaz geleşik”

Şeýle-de, beýleki çäklendirmeler bilen birlikde, taraplaryň ýerleşdirilen atom ýaraglarynyň sany 1550-den ýokary bolmaly däl.

Tramp “Reuterse” beren interwýusynda Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygy ýaly, START ylalaşygy-da “ýurduň baglaşan ýene bir ýaramaz geleşigi” diýdi. Ol soňra hem Birleşen Ştatlar “indi has gowy ylalaşyklara gol goýar” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Tramp Tähranyň garşysyna girizilen ykdysady sanksiýalaryň käbirini ýeňletmek bilen onuň atom programmasyny jylawlamak boýunça dünýäniň güýçli döwletleri bilen Eýran arasynda 2015-nji ýylyň iýulynda baglaşylan ylalaşygy ozal-da ençeme gezek tankytlapdy.

Tramp interwýuda “Täze START” babatda näme niýetiniň bardygyny mälim etmedi, ondan çekiljekmi ýa ony üýtgetmäge synanyşjakmy, bu barada aýdan zady ýok.

Reutersiň bellemegine görä, Tramp ýadro ýaraglary baradaky beýanatlary wezipe başyna gelmezden öň ýazan bir tweeti hakda soralanda aýdypdyr. Ol dekabrda ýazan tweetinde Birleşen Ştatlar “ýadro gudratyny uly derejede güýçlendirmeli we giňeltmeli” diýipdi.

Emma ol bu interwýuda giňeltjek ýa güýçlendirjek diýip, Birleşen Ştatlaryň arsenalyna göni salgylanmandyr.

“Uly ylalaşyk”

Trampyň interwýusy hakda Ak tamyň sözçüsi Sean Spaýsere sorag berlende, ol 23-nji fewralda beren maglumatynda Birleşen Ştatlaryň bu ugurda üstünligini hiç bir adama bermeli däldigi hakda, Trampyň aýdyň pikirleriniň bardygyny aýtdy.“Onuň bu ýerde aýdyňlaşdyrany şol. Beýleki ýurtlaryň ýadro gudraty bolsa, onda bu ugurda hemmeden hemişe öňde bolan Birleşen Ştatlar bolar” diýip, Spaýser aýtdy.

Beýanatda Birleşen Ştatlaryň arsenalyny ýaýbaňlandyrmak planyna salgylanylýana meňzeýär diýlende, Spaýser: “Bu biziň ymtylýan zadymyz däl” diýdi.

Interwýuda Tramp Orsýetiň ganatly raketalary ýerleşdirmegi barada hem durup geçdi. Birleşen Ştatlar bu iş 1987-nji ýylda baglaşylan ýaraglara kontrollyk ylalaşygynyň bozulmagy diýýär.

Tramp: “Meniň pikirimçe, bu bir uly ylalaşyk” diýdi. Soňra hem sözüniň üstüni ýetirip, “eger we haçan duşuşsa” bu mesele hakda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen gürleşjekdigini aýtdy.

Orsýet Orta aralykly ýadro güýçleri hakdaky şertnamany bozandygyny ret edýär.

Tramp Demirgazyk Koreýadan gözbaş alýan howpsuzlyk meselelerini çözmekde Hytaýa-da edýän basyşyny artdyrdy. Ol Pekin “eger isleseler, aňsatlyk bilen” Demirgazyk Koreýa köpräk täsir edip bilýär diýdi.

XS
SM
MD
LG