Sepleriň elýeterliligi

Türkiýedäki türkmen migrantlary üçin kanuny çykalgalar


Ankara

Türkiýede bikanun migrantlaryň kanuny ýagdaýa geçmegi üçin döredilen ýeňillikler we günägeçişlik, ýagny "Af" dowam edýär.

Eýsem türkmen migrantlary Türkiýedäki kanuny üýtgeşiklikderden näderejede habardar we olar kanuny ýeňilliklerden ýeterlik peýdalanyp bilýärmi? Köne pasportly türkmen migrantlary Türkiýede nähili kanuny çykalgalar gözleýärler ýa-da olar üçin nähili çözgütler hödürlenýär?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Türkiýäniň daşary ýurtlylar baradaky kanuny üýtgeşiklikleriniň ol ýurtda işleýän türkmen migrantlaryna ýetirýän täsirlerine gönükdirdi.

Gepleşigiň myhmanlary "Türkpermid" atly hukuk geňeşdarlygy firmasynyň başlygy Murat Erşahin we migrant zenan hak-hukuklary boýunça türkmenistanly aktiwist Arzuw.

Gepleşigi diňläp, bu temadan öz tejribeleriňizi we pikir-garaýyşlaryňyzy aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG