Sepleriň elýeterliligi

Janyndan geçen bombaçylar Siriýanyň howpsuzlyk güýçlerini nyşana aldy


Homs. Bombaçylaryň Siriýanyň howpsuzlyk güýçlerine eden hüjümlerinde 42 adam öldi.

Homs. Bombaçylaryň Siriýanyň howpsuzlyk güýçlerine eden hüjümlerinde 42 adam öldi.

Janyndan geçen bombaçylaryň Homs şäherinde Siriýanyň howpsuzlyk güýçlerine eden hüjümleri netijesinde azyndan 42 adam öldi diýip, aktiwistler aýtdylar.

Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy 25-nji fewralda şäherdäki döwlet howpsuzlyk we milli aňtaw edaralarynyň golaýynda birnäçe bombaçynyň özüni partladandygyny aýtdy.

Topar ölenleriň arasynda uly derejeli howpsuzlyk ofiseriniň hem bardygyny aýtdy.

Döwlet telewideniýesiçaknyşyklaryňbombaçylar özlerini ýarmazlaryndan öňAl-Ghouta we Al-Mohata etraplaryny, bu nyşanalarynyň ýerleşen ýerini sarsdyrandygyny habar berdi.

Homs şäheriniň gubernatory Talal Barzani 20-den gowrak adamyň öldürilendigini aýtdy. Hüjümçileriň haýsy topara degişlidigi bada-bat bilinmedi.

XS
SM
MD
LG