Sepleriň elýeterliligi

Nyşana alnan 7 ýurtda terror wehiminiň görünmeýändigi aýdylýar


Tramp wagtlaýyn gadaganlyk kararyny özüniň terrorçylyk aladalary bilen düşündiripdi.

Tramp wagtlaýyn gadaganlyk kararyny özüniň terrorçylyk aladalary bilen düşündiripdi.

AP habar gullugy 24-nji fewralda ABŞ-nyň howpsuzlyk analitikleriniň prezident Donald Trampyň wagtlaýyn syýahat gadaganlygynda nyşana alnan esasan musulman ilatly ýedi ýurduň raýatlaryndan abanýan açyk terror wehimini tapmandyklaryny habar berdi.

AP-niň eline düşen dokument taslamasyna görä, Içerki howpsuzlyk departamentiniň aňtaw birleşmeleriniň analitikleri nyşana alnan ýurtlaryň raýatlarynyň Birleşen Ştatlarda terrorçylyk bilen ilteşikli gatyşan adamlaryň azdygy baradaky netijä geldiler.

Wagtlaýyn syýahat gadaganlygy sanawyna Eýran, Yrak, Liwiýa, Somali, Sudan, Siriýa weÝemen girizilipdi.

Tramp 27-nji ýanwarda gol çeken wagtlaýyn gadaganlyk kararyny we ABŞ-nyň bosgun programmasyny togtatmagyny özüniň terrorçylyk baradaky aladalary bilen düşündiripdi.

XS
SM
MD
LG