Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Pakistana sapara taýýarlanýar


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen metbugaty prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistana saparynyň taýýarlanylýandygyny habar berdi.

Bu türkmen lideriniň täze, ýedi ýyllyk möhlete saýlanyp, üçünji gezek prezident bolanyndan soň daşary ýurtda edýän ilkinji sapary bolar.

Ministrler kabinetiniň 24-nji fewralda geçirilen mejlisinde aýdylmagyna görä, Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky türkmen delegasiýasy Yslamabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň nobatdaky sammitine gatnaşar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň XIII sammiti 2017-nji ýylyň 1-nji martynda geçirilýär.

XS
SM
MD
LG