Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti aýal-gyzlara öz adyndan sowgat berilmegini tabşyrdy


Mary, balyk satýan aýallar

Mary, balyk satýan aýallar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni ýetip gelýän 8-nji mart baýramçylygynyň öňünden «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky permana, şeýle-de türkmen prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak baradaky buýruga gol çekdi.

Döwlet baştutany Ministrler kabinetiniň 24-nji fewralda geçirilen mejlisinde parlamentiň başlygy Akja Nurberdiýewa ýüzlenip, oňa 7-nji martda, jemgyýetçilik guramalarynyň köşgünde «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan enelere bu ady «öz adyndan, dabaraly ýagdaýda» gowşurmagy tabşyrdy.

Şeýle-de prezident parlamentiň başlygy bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe Aşgabat şäherinde ýaşaýan we ýaşaýyş jaýyna örän mätäçlik çekýän köp çagaly maşgalalary Halkara zenanlar gününe çenli «seljerip», olary 7-nji martda özüniň ozalky rezidensiýasyna göçürmegi dowam etmegi tabşyrdy.

XS
SM
MD
LG