Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň 10 ofiseri gabawda öldürildi


Owgan polisiýa ofiserleri.
Owgan polisiýa ofiserleri.

Owgan resmileri on sany polisiýa ofiseriniň we polisiýanyň komandiriniň aýalynyň demirgazykdaky Zawzjan welaýatynda guralan hüjümiň pidasy bolandygyny aýdýarlar.

Welaýat gubernatorynyň sözçüsi Mohammad Reza Ghafori ol ofiserleriň 24-nji fewralda, Darzab etrabyndaky metjitden çykyp gelýärkärler güpbasdy edilendigini aýtdy.

Olaryň arasynda ýerli polisiýa komandiri hem bar eken we onuň aýaly wakanyň bolan ýerine ylganda wepat boldy diýip, Ghafori sözüne goşdy.

Brigada generaly Rahmatullah Turkistani, welaýat polisiýasynyň başlygy, ar alyş çäresinde jeňçileriň dördüsiniň öldürilendigini, altysynyň bolsa ýaraly edilendigini aýtdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini «Talyban» öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG