Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz oppozision lideri Tekebaýew saýlawlardan öň tussag edildi


Oppozision lider Ömürbek Tekebaýew we prezident Almazbek Atambaýew
Oppozision lider Ömürbek Tekebaýew we prezident Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň öňdebaryjy oppozision syýasatçysy Ömürbek Tekebaýew Bişkek aeroportyna gelende, korrupsiýa aýyplamalary esasyndatussag edildi. Bu çäre onuň ýetip gelýän prezident saýlawlarynda kandidat bolmagynyň öňüni alyp biler.

Prokurotura edarasy biraz öň «Ata-Meken» partiýasynyň lideriniň garşysyna jenaýat derňewini açýandygyny aýdypdy.

Tekebaýew Stambuldan gelen uçardan düşüp gelýärkä, 26-njy fewral güni irden, sagat 3-de tussag edildi diýip, Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugy habar berdi.

Syýasatçy Wenada ÝHHG-nyň Parlament assembleýasyna gatnaşypdy.

58 ýaşyndaky Tekebaýew prezident Almazbek Atambaýewiň ozalky ýarany, emma geçen tomus, gyrgyz prezidenti konstitusiýa soňra kabul edilen düzedişleriň bir toparyny girizmegi teklip edeninden soň, ol onuň esasy garşydaşyna öwrüldi.

Gyrgyzystanyň Konstitusiýasy 2010-njy ýylyň iýunynda, köpçülikleýin protestler prezident Kurmanbek Bakiýewi häkimiýetden çetleşdirenden soň kabul edilipdi.

Atambaýewiň prezidentlik möhleti şu ýyl tamam bolýar we gaýtadan saýlanmak üçin bäsleşige gatnaşyp bilmeýär. Emma muňa garamazdan, tankytçylar konstitusiýa girizilen düzedişleriň Atambaýewiň ýaranlaryna onuň prezidentlik möhleti 2017-nji ýylda tamam bolandan soň hem häkimiýeti saklamaga ýol açjakdygyny aýdýarlar.

Ol düzedişler premýer-ministriň ygtyýarlyklaryny düýpli ýokarlandyrdy we bu ýagdaý Atambaýew ýa hökümetiň täze lideri bolar, ýa-da bu wezipede özüne ygrarly birini oturdar diýen gep-gürrüňleriň ýaýramagyna getirdi.

Gyrgyzystanyň nobatdaky prezident saýlawy 19-njy noýabrda geçirilmeli.

Tekebaýewiň aeroportda tussag edilmeginiň biraz öňünden, Baş prokuraturanyň edarasy syýasatçynyň garşysyna galplyk aýyplamalary esasynda derňew işini açýandygyny aýtdy.

Prokurorlar Tekebaýewiň garşysyna bildirilýän aýyplamalaryň onuň 2010-njy ýylyň rewolýusiýasyndan soň gurlan wagtlaýyn hökümetde premýer-ministriň orunbasary bolup işlän döwründen uç alýandygyny aýtdylar.

Beýleki aýyplamalaryň arasynda, olar Tekebaýewiň rus biznesmeni Leonid Maýewskiden, onuň Alfa Telecomyň geňeşinde işlemegi üçin, şeýle-de Megacomyň ýerli telefon operatoryna eglişikli çemeleşmeüçin 1 million dollar talap edendigini öňe sürýärler. Alfa Telecom täze hökümet tarapyndan bölekleýin millileşdirilipdi.

Tekebaýew bu aýyplamalary ret edýär.

Tekebaýew tussag edileninden soň, onuň tarapdarlarynyň bir topary aeroportyň golaýynda proteste toplandy we bu ýagdaý olaryň birnäçesiniň tussag edilmegine alyp geldi. Tutulanlaryň arasynda žurnalist we «Ata-Mekenden» saýlanan deputat hem bar.

26-njy fewralda ýurduň günortasyndaky Oş şäherinde Tekebaýewiň tutulmagyna garşy 50 çemesi adam proteste toplandy.

Prokurorlar Tekebaýewiň garşysyna jenaýat işini açmazlaryndan öň parlamentiň «Ata-Meken» partiýasyndan saýlanan başga iki agzasyna garşy hem aýyp bildirdiler.

Bu partiýanyň agzalary we beýleki tankytçylar bu jenaýat işlerini prezidentiň we onuň goldawçylarynyň 2010-njy ýylyň geçiş hökümetiniň agzalaryna garşy «syýasy ýanamalary»hökmünde häsiýetlendirýärler.

XS
SM
MD
LG