Sepleriň elýeterliligi

Eýran Gazagystandan 950 tonna uran jöwherini almagy planlaşdyrýar


 Ali Akbar Salehi

Ali Akbar Salehi

Eýran özüniň parahatçylyk maksaty reaktor programmasy üçin Gazagystandan üç ýylyň dowamynda 950 tonna uran jöwherini satyn almakçy bolýandygyny aýtdy.

Tähran özüniň 2015-nji ýylda dünýä döwletleri bilen baglaşan ýadro ylalaşygynyň üstünden garaýan guramadan bu söwdany tassyklamagyny sorady we şindi hem Britaniýanyň razylygyna garaşýar diýip, ISNA habar gullugy Eýranyň Atom energiýasy guramasynyň başlygy Ali Akbar Salehä salgylanyp aýtdy.

Salehi 25-nji fewralda Eýranyň ýadro ýangyjyny öndürmekde Orsýetiň kömegini almaga garaşýandygyny hem sözüne goşdy.

Eýranyň Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Hytaý, Orsýet we ABŞ bilen baglaşan ýadro ylalaşygy Tähranyň ýadro programmasyny jylawlap, oňa derek sanksiýalary ýatyrypdy.

XS
SM
MD
LG