Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Güman edilýän içgili sürüji mähelläniň üstünden maşyn sürdi


Resmiler 21 adamyň hassahana iberilendigini aýdýarlar.
Resmiler 21 adamyň hassahana iberilendigini aýdýarlar.

New Orleansyň polisiýasy bir adamyň esasy Mardi Gras paradyna tomaşa edýän adamlaryň üstünden ýük maşynyny sürüp, 28 adamy ýaralandygyny aýdýar.

Polisiýanyň başlygy Maýkl Harrison 25-nji fewralda ol adamyň tussag edilendigini we serhoş halda maşyn sürendigi üçin derňelýändigini habar berdi.

"Biz ol adamyň ýokary derejede serhoş bolandygyny güman edýäris» diýip, ol bu hadysanyň terrorçylyga dahyllylygy soralanda aýtdy.

Resmiler 21 adamyň ýerli hassahana iberilendigini, olaryň bäşisiniň berk gözegçilige alnandygyny aýtdy. Ejir çekenleriň arasynda 3 ýa-da 4 ýaşly çagalar hem bar.

Biraz öň, Germaniýanyň Heidelberg şäherinde bir sürüji mähelläniň üstünden maşyn sürende, bir pyýada öldi, ikisibolsa ýaralandy. Polisiýa ol sürüjini gaçjak bolan mahaly tüpeňläp, ýaraly ýagdaýda ele saldy.

XS
SM
MD
LG