Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus aktiwisti Ildar Dadin Sibirdäki türmeden boşadyldy


 Syýasy aktiwist Ildar Dadin türmeden boşadyldy.
Syýasy aktiwist Ildar Dadin türmeden boşadyldy.

Orsýetli syýasy aktiwist Ildar Dadin türmeden boşadyldy. Orsýetiň Ýokary sudy birnäçe gün öň onuň garşysyna çykarylan hökümi ýatyrdy.

Orsýetiň Ýokary sudunyň prezidiumy 22-nji fewralda Dadine köp gezek ygtyýar berilmedik proteste gatnaşandygy üçin berlen türme tussaglygyny ýatyrdy we ony tussagdan boşatmagy buýurdy.

Rus aktiwisti Ildar Dadin türmeden boşadyldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:44 0:00

34 ýaşyndaky Dadin 26-njy fewralda, 15 aý çemesi tussagda oturandan soň, Sibirdäki koloniýadan boşadyldy. Ol gapma-garşylykly kanun esasynda, ýagny 180 günüň dowamynda ygtyýar berilmedik proteste birden köp gezek gatnaşmagyň jenaýat hasaplanmagy bilen türmä basyldy. Ol iki ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

"Men Putiniň faşist režimine garşy göreşimi dowam etdirerin» diýip, Dadin türmeden boşadylanda aýtdy we bu wideosýužet internetdäki garaşsyz «Dožd» telekanaly arkaly halka ýetirildi. «Men Orsýetde adam hukuklarynyň hormatlanmagy üçin göreşerin» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Dadiniň aýaly Anastasia Zotowa onuň azatlyga çykandygyny tassyk etdi.

"Ildar boşadyldy, indi biz onuň öýe nädip gaýtjagyny karar etmeli" diýip, Orsýetiň döwlet tarapyndan dolandyrylýan TASS habar gullugy Zotowany aýdan sözlerini ile ýetirdi.

Dadiniň aklawçysy Ksenia Kostromina onuň türmeden boşadylmagynyň biraz gijigendigini, sebäbi günorta Sibiriň Altaý ülkesindäki türmäniň onuň suddaky dokumentlerini almagy üçin birnäçe günüň gerek bolandygyny aýtdy.

Rus we halkara guramalary tarapyndan syýasy tussag atlandyrylan Dadin 2015-nji ýylyň dekabrynda 2 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Ol Orsýetde 180 gün içinde birden kän ygtyýar berilmedik proteste gatnaşandygy üçin, gapma-garşylykly kanun esasynda türmä basylan ýeke-täk tussagdy.

Dadin geçen ýyl Kareliýa sebitindäki türmede özüniň we beýleki tussaglaryň urlup-enjilip gynalýandygy barada açyk hat ýazdy. Şondan soň ol Altaý sebitindäki türmä geçirildi.

Dadiniň türme tussaglygyna tutaryk edilen kanun Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň 2012-nji ýylyň maýynda Kremle üçünji möhleti üçin dolanyp gelenden soň gol çeken birnäçe anti-protest kanunynyň diňe biridi. Sebäbi şol döwürde onuň 2000-nji ýylda birinji gezek saýlanaly bäri iň uly oppozisiýa protestleri guralypdy.

Hukuk toparlary bu kanunlaryň we beýleki çäreleriň 2018-nji ýylda ýene bir alty ýyl prezidentlige dalaş eder öýdülýän Putiniň dolandyryşy astynda söz we ýygnanyşmak azatlyklaryny gazaply çäklendirendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG