Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetliler Kremliň öldürilen tankytçysynyň hormatyna ýörişe çykdylar


Nowosibirsk, ýörişe çykanlar
Nowosibirsk, ýörişe çykanlar

Müňlerçe adam iki ýyl ozal öldürilen kreml tankytçysy, premýer-ministriň ozalky orunbasary Boris Nemsowyň hatyrasyny tutmak üçin Moskwa toplandy.

Prezidenti Wladimir Putiniň berk tankytçysy bolan Nemsow 2015-nji ýylyň 27-nji fewralynda, Kremliň alkymyndaky köprüde atylyp öldürildi.

Oktýabr aýynda bu iş bilen bagly bäş sany çeçen erkegi sud edildi. Olar özlerine bildirilen aýyplamalary ret etdiler we Nemsowyň goldawçylary bu ganhorlugy buýran adamlaryň hiç wagt tapylmajagyndan howatyr edýärler.

Ýörişe çykanlar 26-njy fewralda Moskwanyň merkezindäki Puşkin skwerinde toplandylar, ýerli häkimiýetler olaryň ýörişine ygtyýar berdi.

Moskwada ýörişe çykanlar
Moskwada ýörişe çykanlar

Nemsowyň hatyrasyna geçirilen ozalky iki ýörişde hiç bir hadysa bolmady.

Nemsowyň hatyra güni Orsýetiň beýleki şäherlerinde, şol sanda Sankt-Peterburgda we Nemsowyň dogduk mekany Nižniý Nowgoradda hem bellenýär.

Demnstrasiýaçylar milli baýdagy we oppozisiýadaky PARNAS partiýasynyň we Raýdaşlyk hereketiniň baýdaklaryny göterdiler.

Onlarça protestçi Nemsowyň portretlerini we «Ukraina bilen uruş Putiniň jenaýatçylygy», «Güýç-kuwwat hakykatda we hakykat biz bilen», «Biziň häkimiýetlerden artykmaçlygymyz biziň dogruçyllygymyz» diýen ýaly şygarlary göterdiler.

"Orsýetdäki ýagdaý biziň bir zatlary üýtgetmeli nokadymyza, şol sanda häkimiýetleri çalyşmaly nokadymyza gelip ýetdi» diýip, ýörişe gatnaşan mugallym Ýuriý Kalina aýtdy. «Soňky 15 ýylda bir adam hökmürowanlyk etdi. Bu kadaly ýa demokratik zat däl» diýip, ol aýtdy.

"Hemme zat köçede başlanýar. Haçanda biziň telewideniýede gürlemegimize mümkinçilik bolmasa, haçanda radioda alternatiw garaýyşly bir adam hem galmasa, biz muny köçeden başlamaly» diýip, 25 ýaşyndaky protestçi aýtdy.

63 ýaşyndaky pensioner, moskwaly Ýuriý Konstantinow bu ýörişe graždanlyk borjy üçin goşulandygyny, emma munuň oppozisiýa üçin oňyn täsir getirjegine ynamynyň azdygyny aýtdy.

"Men umyt üçin hiç bir aýratyn sebäp görmeýärin, emma adamyň öz ynanjynyň yzyndadurmak borjy bar. Men adamyň borjunyň bardygyna ynanýaryn. Ýogsa men mundan näme gelip çykjagyny bilemok. Tutuş dünýä ýalňyş ugra barýana çalym edýär» diýip, ol aýtdy.

59 ýaşyndaky Ibragim Osmanow Moskwa Krym ýarymadasyndan, ýörişe gatnaşmak üçin gelipdir.

Ol Krymyň tatar baýdagyny galdyryp duran 10 çemesi adamyň içinde dur. Bu topar birnäçe metrlik şygary tutup dur, onda «Krym repressisýasyny bes et, ukrain syýasy tussaglaryna azatlyk» diýlip ýazylan.

"Ol [Nemtsov] hemişe krym tatarlaryny goldardy, biz onuň hatyrasyny tutmaga geldik» diýip, Osmanow aýtdy.

Demonstrasiýaçylar «Syýasy tussaglara azatlyk», «Putinsiz Orsýet», «Putin uruş» diýen şygarlara gygyrdylar.

Aktiwistler ýöriş wagtynda Nemsowyň hormatyna hatyra tagtasyny döretmek üçin Moskwanyň şäher häkimligine ýazylan petisiýa gol hem ýygnadylar.

"Bu bir çynlakaý sene, ganhorluk senesi» diýip, 66 ýaşyndaky moskwaly pensioner Galina aýtdy. "Bu bir lideriň syýasy öldürilmegi bolupdy. Biziň hemmämiziň ýadymyzda. Haýp, onuň ýaly adam az» diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG