Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz protestçileri “Ata Meken” partiýasynyň lideri Tekebaýewiň boşadylmagyny talap edýärler


Protest aksiýasy, Bikegiň Ala-Too meýdançasy, 27-nji fewral, 2017

Ýüzlerçe adam Gyrgyzystanyň paýtagtynda iki gün bäri protest geçirip, “Ata Meken” partiýasynyň lideri Omurbek Tekebaýewiň boşadylmagyny talap edýär.

27-nji fewralda azyndan 300 adam Bişkegiň Ala-Too meýdançasynda jemlenip, Tekebaýewiň tussag edilmegini prowokasiýa diýip atlandyrýan şygarlary öňe sürdi.

Prezident Almazbek Atabaýewiň açyk tankytçysy Tekebaýew 26-njy fewralda Türkiýeden gaýdyp, ýurduna baranda Bişkegiň aeroportunda tussag edilipdi.

Häkimiýetler Tekebaýewiň tussag edilmeginiň korrupsiýa bilen bagly derňewlere degişlidigini aýdýarlar. Onuň deslapky tussaglygyna degişli suduň kararynyň tiz wagtda çykarylmagyna garaşylýar.

26-njy fewralda ýuduň Milli howpsuzlyk komitetiniň edara jaýynyň öňünde 1000-den gowrak protestçi jemlendi we Tekebaýewiň boşadylmagyny talap etdi.

Tekebaýewiň tussag edilmeginiň ýurtda noýabr aýynda boljak prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasyna gabat gelmegi bu Merkezi Aziýa ýurdunda täze syýasy durnuksyzlygyň tutaşmagy bilen bagly aladalanmalary artdyrdy. Gyrgyzystanda 2005-nji we 2010-njy ýyllaryň aralygynda ýurt baştutanlaryny wezipesinden çetleşdirmek boýunça protestleriň birnäçesi geçirilipdi.

Parlamentiň öňki spikeri Asia Sasykbaýewa Tekebaýew boşadylýança protestleriň dowam etdiriljekdigini žurnalistlere aýtdy.

Proteste gatnaşan Tekebaýewiň aýaly Aýgul Tekebaýewa adamsyna tussaglykda bir zat bolsa, muňa Milli howpsuzlyk ministrliginiň jogapkär boljakdygyny AÝ/AR-na aýtdy.

Gyrgyzystanyň adam hukuklary boýunça baş wekili ombudsmeni Kubat Otorbaýew ýurduň milli howpsuzlyk boýunça ýolbaşçysy Abdil Segisbaýewe ýüzlenip, “Ata Meken” partiýasynyň lideri Omurbek Tekebaýewiň we Gyrgyzystanyň Günorta Koreýadaky öňki ilçisi Düýşenkul Çotonowyň saglyk ýagdaýyna we saklanýan şertlerine syn etmäge mümkinçilik döredilmegini sorady.

Ombudsmeniň edarasynyň metbugat-gullugynyň aýtmagyna görä, ýurduň adamhukuklary boýunça baş wekiliniň islendik wagtda tussaglaryň ýanyna barmaga, olar bilen gepleşmäge we saklanýan şertleri bilen gyzyklanmaga hukugy kanunda kepillendirilýär.

XS
SM
MD
LG