Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak goşuny Mosulyň günbatar bölegini YD söweşijileriniň elinden almak ugrunda göreşýärler


Yrak goşunynyň T-72 tanky söweşiň dowamynda, Tigr derýasynyň dördünji köprüsiniň golaýynda, ýanwar, 2017.
Yrak goşunynyň T-72 tanky söweşiň dowamynda, Tigr derýasynyň dördünji köprüsiniň golaýynda, ýanwar, 2017.

ABŞ tarapyndan goldanýan yrak goşunlary Mosul şäheriniň günbatar bölegini “Yslam döwleti” (YD) toparynyň söweşijileriniň elinden almak ugrunda göreşip, häzirki wagtda Tigr derýasynyň üstünden suw köprüsini gurup, şäheriň hökümetiň gözegçiligindäki gündogar bölegi bilen üpjünçilik ýola goýmaga synanyşýarlar.

“Biz şu gün irden köpri arkaly möhüm çäre gördük” diýip, Yragyň tiz hereket ediji güýçlerinden polkownik Falah al-Wabdan AFP agentligine aýtdy.

Harbylar şäheriň gündogar we günbatar bölekleriniň arasyndan geçýän Tigr derýasynyň iki kenarynda aragatnaşygyň ýola goýulmagynyň möhümdigini belledi. Hökümet güýçleriniň Mosul şäheriniň günbatar bölegini ele almak boýunça söweşi 19-njy fewralda başlandy.

ABŞ-nyň howa hüjümlerine we şaýy söweşijilerine hem kürtleriň Peşmerga toparyna daýanýan yrak harbylary Mosul şäherini YD toparynyň elinden almak boýunça göreşe oktýabr aýynda girişipdi.

Emma bilermenler hökümet güýçleriniň 750 müň ilatly Mosulyň günbatar bölegini öz gözegçiligine geçirmeginiň agyr bolmagyny çak edýärler. Şäherde yrak harbylaryna garşy YD toparynyň 2000 çemesi söweşijisiniň göreşýändigi çak edilýär.

26-njy fewralda “Associated Press” agentligi saglygy saklaýyş resmilerine salgylanyp, soňky üç günüň dowamynda azyndan 30 howpsuzlyk wekiliniň we 200-den gowrak parahat ýaşaýjynyň wepat bolandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG