Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Merkezi Aziýa sapar edýär


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç) we Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew (s), Almaty, 27-nji fewral, 2017
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç) we Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew (s), Almaty, 27-nji fewral, 2017

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 27-nji fewralda Merkezi Aziýanyň üç ýurduna saparyna Gazagystandan başlady.

Putin Almatyda Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşdy we Siriýada alty ýyl bäri dowam edýän urşuň soňuna çykmak boýunça golaýda Gazagystanda geçirilen gepleşikleri makullady.

Gazagystandan soň Putin 27-nji fewralda Täjigistanda prezident Emomali Rahmon bilen gepleşik geçirer we 28-nji fewralda Gyrgyzystana barar.

Gazagystan, Täjigistan we Gyrgyzystan regionda Moskwanyň täsiri astyndaky Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň we Kollektiwleýin howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň düzümine girýär.

Kremliniň aýtmagyna görä, Putiniň Merkezi Aziýa edýän sapary Moskwanyň agzalan üç ýurt bilen diplomatik gatnaşyklarynyň 25-nji ýyl dönümine gabatlanyp geçirilýär.

XS
SM
MD
LG