Sepleriň elýeterliligi

Eýranly kinorežissýor Asghar Farhadiniň “Satyjy” atly filmi Oskar bilen sylaglandy

Eýranly kinorežissýor Asghar Farhadiniň “Satyjy” atly filmi üçin Oskar baýragyny Eýranly inžener we astronawt Anousheh Ansari kabul etdi, Hollywoodyň kino akademiýasynyň 89-njy ýyllyk gowşuryş dabarasy, Kaliforniýa, 26-njy fewral, 2017.

“Aý yşygy” iň gowy film hökmünde Oskar baýragyna mynasyp boldy, Eýranly kinorežissýor Asghar Farhadiniň “Satyjy” atly filmi daşary ýurt dilli iň gowy kartina saýylyp, sylaga eýe boldy.

Baýragy gowşurmak boýunça 26-njy fewralda geçirilen dabarada oňaýsyzlyk ýüze çykdy. Alyp baryjy Faye Dunaway “La La Land” kartinasynyň ýeňiş gazanandygyny ýalňyş yglan etdi. Kartinany döreden topar baýrak almak üçin sahna çykansoň ýeňijiniň “Aý yşygy” bolandygy yglan edildi.

Dabaranyň dowamynda mälim edilen iň güýçli çykyşlaryň biri eýranly kinorežissýor Asghar Farhadi tarapyndan gowuşdy. Farhadi ABŞ-nyň prezidenti Trampyň Eýranyň we esasan musulman ilatly alty ýurdunyň raýatlarynyň Birleşen Ştatlara barmagyna gadagançylyk girizmek barada çykaran gapma-garşylykly kararyna protest bildirip, Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasyny boýkot etdi.

Eýranly inžener we kosmosa syýahatçylyk eden Anousheh Ansari Farhadiniň baýragyny kabul etdi.

XS
SM
MD
LG