Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda polisiýa ofiseri 11 kärdeşini atyp öldürdi


Helmand welaýatynyň Laşkar Gah şäheri, Owganystan
Helmand welaýatynyň Laşkar Gah şäheri, Owganystan

Owganystanda polisiýa ofiseri barlag nokadynda uklap ýatan 11 kärdeşini atyp öldürdi diýip, Helmand welaýatynyň resmileri 28-nji fewralda habar berdiler.

Welaýatyň häkiminiň metbugat wekili Omer Zwak ofiseriň öz egindeşlerine ýarag götermegi bilen bagly ýagdaýyň 27-nji fewralda agşam welaýat paýtagty Laşkar Gahda ýüze çykandygyny aýtdy.

Welaýat resmisiniň sözlerine görä, hüjümçi öz pidalarynyň ýaraglaryny alyp polisiýanyň ulagynda gaçyp gidipdir. Onuň hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan “Talyban” toparynyň düzümine goşulan bolmagy çak edilýär.

Owgan goşunynda we polisiýasynda esgerleriň we polisiýa wekilleriniň öz kärdeşlerine şeýle-de halkara goşunlaryna garşy ýarag götermegi bilen bagly “içerki” hüjümler Owganystanda soňky 15 ýylyň dowamyndaky uruşda uly problema öwrüldi.

“Talyban” toparynyň güýçlenmegine garşy söweşýän Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri goşundaky köpçülikleýin dönüklik bilen bagly ýagdaýlara garşy çäre görmäge çalyşýarlar.

XS
SM
MD
LG