Sepleriň elýeterliligi

Putin Merkezi Aziýa ýurtlaryna iki günlük saparyny jemleýär


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Bişkek, 28-nji fewral, 2017

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Merkezi Aziýa ýurtlaryna iki günlük saparyny jemleýär. 28-nji fewralda Putin Gyrgyzystana bardy.

Bu sapar 26-njy fewralda ady belli gyrgyz oppozisioneri Omurbek Tekebaýewiň tussag edilip, ýurtda muňa protestleriň tutaşan wagtyna gabat geldi.

Orsýetiň prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow Putiniň we Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýewiň duşuşygynyň gün tertibinde ikitaraplaýyn syýasy we ykdysady gatnaşyklary we regional howpsuzlygyna degişli meseleleri ara alyp maslahat etmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Gyrgyz mediasynda Putiniň öňki sowet respublikasynda noýabrda boljak prezidentlik saýlawlarynyň öňýanynda iki gezek protestleriň netijesinde häkimiýeti çalyşan ýurtdaky ýagdaýy öwrenmek isleýändigi bardaky çaklamalar öňe sürüldi.

Atambaýew prezidentlik saýlawlaryna gatnaşyp bilmeýär, emma ol prezidentiň käbir ygtyýarlyklaryny premýer-ministre bermek boýunça kararyň referendum arkaly kabul edilmegine itergi berdi.

Putin 27-nji fewralda Gazagystana we Täjigistana sapar etdi.

XS
SM
MD
LG