Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň uçary ýolda ýogalan ýolagçysyny Birmenghem şäherine alyp bardy


Türkmenistanyň howa ýollarynyň uçarynyň içinde

Türkmenistanyň howa ýollarynyň uçarynyň içinde

Türkmenistanyň howa ýollarynyň uçary ýolda ölen bir ýolagçynyň jesedi bilen Birmenghem şäherine tarap ýoluny dowam etdirdi, diýip media serişdeleri habar berdiler.

27-nji fewralda çap bolan maglumatlara görä, Türkmenistanyň we Britaniýanyň Birmenghem şäheriniň arasynda T5429 reýsini amala aşyrýan Boing-757 uçary uly ýaşly bir ýolagçynyň özüni erbet duýmagy sebäpli, Orsýetiň Wolgograd şäherindegonmaga mejbur bolupdyr we soň ölen adamyň jesedi bilen ýoluny dowam etdiripdir.

Orsýetiň TASS agentligi uçar howa galanda “ýolagçynyň jesedi uçaryň içinde galypdy” diýip derňew edaralaryndaky çeşmesine salgylanyp habar berýär.

Şeýle-de maglumatda “aeroporta baran derňewçileriň daşary ýurt uçarynyň içine goýberilmedi” diýlip, bu karara uçaryň eýesi bolan ýurdunyň wekili hökmünde pilot tarapyndan gelnendigi bellenýär.

“Ýolagçy entek dirikä adatdan daşary ýagdaýda gonmak barada karara pilot tarapyndan gelindi, emma uçaryň Wolgogradda gonmagyndan soň tiz kömek lukmanlary onuň ölendigini tassykladylar” diýlip TASS agentliginiň maglumatynda aýdylýar.

Maglumatda ýerli kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmä salgylanyp, ýolda ýogalan ýolagçynyň 85 ýaşly adamdygy aýdylýar.

Media maglumatlarynda onuň dem gysmadan ýogalan bolmagynyň ähtimaldygy aýdylýar.

Uçarda bolan ýolagçylaryň sanynyň 189 adamdygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG