Sepleriň elýeterliligi

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky Türkmenistanda koka-kolanyň önümçiligine 10 million dollar ýatyrar


Koka-kolanyň çüýşeleri

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky (EBRD) Türkmenistanda koka-kolany gaplaýjy kompaniýanyň (TCCB) ýaýbaňlanmagynyň we energiýany tygşytlamagyň netijeliligini gowulandyrmak üçin 10 million amerikan dollary möçberinde maliýe kömegini berýär.

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň kömegi energiýany has tygşytly ulanýan sowadyjylaryň, täze ulaglaryň we içgini çüýşelere gaplaýjy gurallaryň satyn alynmagy arkaly kompaniýanyň önümçilik prosesini kämilleşdirmäge, artdyrmaga we energiýa çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berjekdigi resmi maglumatda aýdylýar.

Türkmenistanda koka-kolany gaplaýjy kompaniýa Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň uzak wagtlyk müşderisi “Coca-Cola İçecek” (CCI) kompaniýasynyň ýanyndaky şirketidir. 2011-nji ýylda Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky kompaniýanyň Türkmenistandaky önümçilik möçberiniň ýaýbaňlandyrylmagyna 20 million amerikan dollary möçberinde maýa ýatyrypdy. 2015-nji ýylda Täjigistandaky önümçiligiň artdyrylmagyna 45 million ýewro möçberinde maliýe kömegini beripdi.

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň Türkmenistanda alynyp barylýan dürli proýektlere ýatyran maýa goýumlarynyň umumy möçberi 236 million ýewro barabar.

XS
SM
MD
LG