Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenler gülençi diýilýänleriň ykbalyny dünýä eşitdirmek isleýär”


Türkiýeli ruhany Fethullah Gülen
Türkiýeli ruhany Fethullah Gülen

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän neşiriň žurnalisti öz Twitter sahypasynda paýlaşan tweetlerinde “her gün Türkmenistandan kömek soraýan adamlaryň ençemesinden e-meýller gelip gowuşýar” diýip ýazdy.

“WashingtonHatti” internet neşiriniň redaktory Ilhan Taniriň paýlaşan hatlarynda Türkmenistanda türk oppozisioneri Fethullah Güleniň hereketi bilen ilteşiklidir öýdülýän ençeme adamyň tussag edilip, gynamalara sezewar edilendigi we olara onlarça ýyl türme tussaglygy kesilendigi beýan edilýär. Gürrüňi edilýän hatlary ýazan adamlar žurnalistden kömek sorap, bu babatda öz seslerini dünýä eşitdirmegi haýyş edýärler.

Ýeri gelende ýatlatsak, şuňa meňzeş hatlaryň käbirleri we başga-da köp sanly maglumatlar Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna hem gelip gowşupdy. Şol maglumatlarda tutuş ýurt boýunça 150-den gowrak adamyň tussag edilendigi, olaryň esasan türkmen-türk okuw mekdepleriniň we okuw merkezleriniň öňki işgärleridigi habar berildi.

Azatlyk Radiosy žurnalist Ilhan Tanir bilen habarlaşyp, Türkmenistandan ýazylan e-meýlleriň mazmuny we maksady barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ilhan Tanir, size Türkmenistandan kömek sorap ýazylan e-meýller haçandan bäri ugradylýar we olarda näme diýilýär?

Ilhan Tanir: Maňa Türkmenistandan e-meýller iki ýa-da üç hepde öň ugradylyp başlandy. Men Türkiýeden kömek sorap ugradylýan e-meýlleri öz saýtymda, blogumda, habar portalymyzda ýa-da Twitterde çap edýärdim. Men Türkmenistandaky okyjylar hem bu e-meýlleri görensoň, olaryň hem maňa şeýle e-meýlleri ugradyp başlandyklaryny çaklaýan.

Bu e-meýlleriň käbirleri diňe maňa ugradylýar, käbirleri bolsa, menden başga, beýleki žurnalistlere, halkara guramalaryna, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň resmilerine ugradylýar. Şu wagta çenli maňa 10 çemesi e-meýl gelip gowuşdy.

Azatlyk Radiosy: E-meýlleriň ählisi bir adamdan ugradylýarmy ýa-da başga-başga adamlardanmy?

Ilhan Tanir: Hatlaryň her biri başga-başga adamlar tarapyndan ugradyldy. Ýöne olaryň arasynda maňa iki gezek e-meýl ýazanlary-da bar.

Azatlyk Radiosy: Ilhan Tanir, şol e-meýlleriň mazmunynda näme diýilýär?

Ilhan Tanir: Olar öz seslerini, öz problemalaryny dünýä eşitdirmek isleýärler. Ýöne bu meselede men näme edip biljegimi bilemok. Haty ýazan adamlar öz seslerini hiç bir ýere eşitdirip bilmeýändiklerinden şikaýat edýärler. Ýurtda örän ýiti derejede basyşyň bardygyny aýdýarlar. Men hem žurnalist hökmünde Türkmenistandaky ýagdaýlary belli bir derejede uzakdan bilýärin, onuň liberal ýurt däldigini-de bilýäris. Halkara guramalarynyň birnäçesi bu ýurtdaky režimi diktatorlyk diýip kesgitleýär.

Maňa ugradylan e-meýlleri başga çeşmelerden tassyklatmak maňa başartmady. Ýöne maňa gelen e-meýllerde adamlar öz tanyş-bilişleriniň hiç hili sebäpsiz, delilsiz işden kowlandygyny, türmä basylandygyny, olaryň käbirleriniň “Gülen jemagaty” bilen arabaglanyşygynyň bolandygyny, “Gülen jemagatyna” degişli okuw jaýlarynda işländiklerini aýdýarlar. Şeýle-de, maňa ýazylan e-meýllerde iň köp ýazylan zatlaryň arasynda “Gülen jemagatyna” degişli okuw jaýlaryny tamamlan käbir adamlaryň hem tussag edilendigi, türmede olaryň gynamalara sezewar edilýändigi beýan edilýär.

Azatlyk Radiosy: Gelen e-meýller barada siziň haýsydyr bir habar taýýarlamaga mümkinçiligiňiz boldumy?

Ilhan Tanir: Meniň işleýän “Washingtonpoint” internet neşirimde esasan Türkiýä we Amerika degişli temalar barada habar berýäris, beýleki ýurtlara degişli maglumatlaryň üstünde örän seýrek işleýäris. Bu güne çenli Türkmenistandan gelen e-meýller barada habar taýýarlamadyk. Ýöne bu e-meýller barada öňümizdäki günlerde bir habar taýýarlamagy göz öňünde tutýarys.

Azatlyk Radiosy: Ilhan Tanir, siz e-meýlleri ugradan türkmenistanlylara näme diýmek isleýärsiňiz?

Ilhan Tanir: Türkmenistandan gelen e-meýllerde adamlaryň hiç hili sebäpsiz işinden kowulýandygy, türmä basylýandygy we ol ýerde adalatsyz käbir gynamalara sezewar edilýändigi öňe sürülýär. Şuňa meňzeş wakalar, gynansak-da, Türkiýede, Azerbaýjanda ýa-da käbir beýleki ýurtlarda hem bolup geçýär. Türkiýede, Türkmenistanda ýa-da Azerbaýjanda örän agyr ýagdaýlary başdan geçirýän adamlara Waşingtondan maslahat bermek kyn, emma men adalat ugrunda göreşi dowam etdirmekden başga çäräniň ýokdugyny pikir edýärin.

XS
SM
MD
LG