Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

V Aziýa oýunlarynda gowşuryljak medallaryň taslamasy görkezildi


V Aziýa oýunlary üçin gurlan desgalar, Aşgabat.
V Aziýa oýunlary üçin gurlan desgalar, Aşgabat.

Türkmenistanyň paýtagtynda 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek V Aziýa oýunlarynda gowşuryljak medallaryň taslamasy köpçülige görkezildi.

Resmi maglumata görä, medallaryň nusgasy Singapuryň meşhur medal öndüriji ELM (Eng Leong Medallic Industries Pte. Ltd) kompaniýasy tarapyndan işlenilip düzülipdir.

“Sekiz burçly ýyldyz görnüşinde şekillendirilen medal Oguz hanyň ýyldyzyny alamatlandyryp, türkmen halkynyň nyşanydyr we ýurduň tugrasydyr” diýlip, Türkmenistanda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň resmi websaýtynda habar berilýär. Maglumata görä, jemi Aziýa oýunlary üçin umumy agramy 721 kg bolan 2000 sany medal öndüriler.

Şu ýylyň 17-nji we 27-nji sentýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna dünýäniň onlarça ýurdundan bäş müň çemesi sportsmeniň gatnaşmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG