Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti saýlaw boýunça bäsdeşini ýokary wezipä belledi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlar boýunça öňki bäsdeşini ýokary wezipä belledi.

RIA agentliginiň ýerli çeşmelere salgylanmak bilen habar bermegine görä, 12-nji fewralda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda toplan sesleriň sany boýunça ikinji ýerde bolan Maksat Annanepesow Türkmenistanyň Azyk senagaty boýunça döwlet bileleşiginiň ýolbaşçysy wezipesine bellendi.

Annanepesow prezident wezipesine dalaşgär hökmünde raýatlaryň inisiatiw topary tarapyndan öňe sürlüpdi. Habar berlişine görä, prezidentlige dalaşgär bolmazdan öň Annanepesow häzir ýolbaşçy bellenen bileleşigiň başlygynyň orunbasary wezipesinde işläpdi.

Prezidentlik saýlawlarynda ikinji ýere çykan Annanepesow sesleriň 1.02% toplady. Prezidentlik saýlawlarynda ýeňen G.Berdimuhamedow sesleriň tas 98%-ne eýe boldy.

Saýlawlara gatnaşan galan ýedi dalaşgär bilelikde sesleriň 1% -den sähel gowragyny topladylar. Agzalan dalaşgärleriň geljegi barada habar berilmeýär, emma maglumatda olaryň hem jogapkär wezipelere bellenmeginiň mümkinçiligi aradan aýrylmaýar.

Bellenmeli ýagdaý, Türkmenistanyň prezidenti wezipesine inisiatiw toparyň hödürlän kandidatlarynyň käbiri hatda saýlawlarda dalaşgär bolmak üçin talap edilen gollaryň sanyna gabat ses toplap bilmediler.

Meselem, Suleýmannepes Nurnepesow sesleriň 0.09% toplady. Bu bolsa üç müň sesden az bolýar. “Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary baradaky” kanuna görä, inisiatiw toparyň dalaşgäri bolmak üçin azyndan 10 müň adamyň goluny toplamak zerur. Şuňa meňzeş netijeleri beýleki dalaşgärler hem görkezdi. Serdar Jelilowyň saýlawlarda toplan sesleriň 0.25% sekiz müň çemesi sese barabar, Jumanazar Annaýewiň eýe bolan 0.21% ýedi müň sese barabar, Ramazan Dyrdyýewiň 0.15% bäş müň sese, we Meretdurdy Gurbanowyň 0.17% bäş ýarym müň sese barabar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda prezidentlik saýlawlarynda düzgüniň bozulmagy bilen bagly ýagdaýlaryň birnäçesi barada habar berdi.

Aşgabatda prezidentlik saýlawlarynyň öňýany mekdepleriň biriniň orta klas okuwçylaryna saýlaw býulletenleri paýlanyp, Gurbanguly Berdimuhamedowa ses bermek tabşyryldy.

Şeýle-de Aşgabatdan gowuşan maglumatlara görä, käbir saýlaw nokatlarynda ses berijilerden dokument soralmandyr, raýatlaryň ähli maşgala agzalarynyň adyndan ses bermek mümkinçiligi bolupdyr, käbir saýlawçylardan öz goňşulary üçin ses bermek soralypdyr.

Käbir ses berijiler saýlaw uçastogyna baranlarynda özlerine derek kimdir biriniň eýýäm ses goýandygyny bilip galandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.

Merkezi saýlaw toparynyň yglan eden resmi netijelerine görä, prezident saýlawyna saýlawçylaryň 97 prosentden gowragy gatnaşdy we 59 ýaşyndaky G.Berdimuhamedow ses berenleriň 97.69 prosentiniň goldawyny alyp, öz rekordyndan öňe geçdi.

2006-njy ýylyň dekabr aýynda öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagyndan soň häkimiýet başyna geçen Berdimuhamedow, resmi sanlara görä, 2007-nji ýylyň saýlawlarynda 89,23% we 2012-nji ýylyň saýlawlarynda 97.14% ses toplap prezident saýlanypdy.

Ýedi ýyl möhleti bilen üçünji gezek prezidentlige saýlanan Berdymuhamedow saýlawlarda özüne bildirilen goldaw "ýurduň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen durnukly ösýändigini, ilatyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny" görkezýär diýip hasap edýändigini aýtdy.

Şeýle-de prezindet Berdimuhamedow ýurtda raýatlaryň adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny doly we gyşarnyksyz berjaý etmek, köppartiýalylyk ulgamyny, bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, raýat jemgyýetini yzygiderli pugtalandyrmak, metbugatyň netijeli işlemegi we erkin ösmegi üçin ähli şertleri döretmek wadalaryny berdi.

XS
SM
MD
LG