Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti halyçylyk senagatyny hususylaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy


Türkmen halylary, Aşgabat
Türkmen halylary, Aşgabat

Türkmenistanyň prezidenti ýurduň halyçylyk senagatyny hususylaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy, diýip Trend agentligi habar berýär.

G.Berdimuhamedow türkmen halyçylygyny täze derejä ýetirmek üçin has netijeli şertleri döretmek maksatly senagatyň hususylaşdyrylmagynyň üpjün edilmelidigini aýtdy, diýlip maglumatda bellenýär.

“Türkmenhaly” döwlet bileleşiginiň düzümine haly dokamak, ýüň egirmek, boýamak boýunça ençeme kärhananyň girýändigi aýdylýar. 2016-njy ýylda “Türkmenhaly” 43 müň kwadrat metrden gowrak haly dokapdyr.

Türkmenistanyň prezidenti esasy maksadyň ýurdy senagat taýdan ösen döwlete öwürmekden ybaratdygyny 24-nji fewralda hökümet maslahatynda belläpdi.

XS
SM
MD
LG