Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp NATO berk goldaw bildirýändigini mälim etdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp. Waşington, 28-nji fewral, 2017.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp. Waşington, 28-nji fewral, 2017.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp NATO berk goldaw bildirýändigini mälim etdi, emma bileleşigiň agzalarynyň çykdajylaryň agramyny çekmek boýunça işleşmegine eden çagyryşyny gaýtalady.

Trampyň 28-nji fewralda Kongressiň bilelikdäki sessiýasynda eden bu çykyşy geçmişde tankyt eden trans-atlantik bileleşigi üçin köşeşdirjji alamat hökmünde kabul edildi.

“Biz NATO-ny, iki Jahan urşunyň seplerinde gurlan, faşizmi ýok eden, kommunizmi ýykan Sowuk uruşda ýeňen ýaranlygy berk goldaýarys” diýip, ol kanun çykaryjylaryň el çarpyşygy astynda aýtdy.

2-nji ýanwarda häkimiýet başyna geçen Donald Trampyň Kongressde eden bu ilkinji çykyşy esasan saglygy saklaýyş, ýollaryň we köprüleriň ýaramazlaşmagy ýaly içerki meselelere gönükdirildi.

XS
SM
MD
LG