Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazar Hudaýberdini ýatlap...


Nazar  Hudaýberdi
Nazar  Hudaýberdi

Men welaýat, etrap ýerlerine köp aýlanamsoň, Azatlyk radiosynyň diňleýjileri bilen duşuşýan pursatlarym kän bolýar. Şeýle pursatlarda men kärdeşimiz Nazar Hudaýberdä türkmen halkynyň nähili belent söýgüsiniň bolandygyna, onuň aramyzdan gitmegine halkyň nähili gaty gynanandygyna hem göz ýetirýärin.

Meniň Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyga başlamagymda Nazaryň örän uly roly bolupdy. Men hem, türkmenistanly diňleýjileriň aglabasy ýaly, kärdeşimiz Nazar Hudaýberdini başda, efir üsti bilen tanaýardym. Onuň taýýarlaýan gepleşiklerine, aýratyn hem “Bir türkmen, bir ykbal” programmasyna her hepdäniň ahyrynda sabyrsyzlyk bilen garaşýardym.

Onuň tebigy talantyna, ýakymly sesine, gepleşikleri taýýarlamakdaky ukybyna juda uly hormat goýýardym.

Soňra ykbal meni hem Azatlyk radiosy bilen baglanyşdyrdy. Şonda Radioda meniň ilkinji habarymy alan Nazar Hudaýberdi bolupdy. Meniň žurnalistikada ýörjen-ýörjen wagtymda, ol meni ikelläp goldapdy we meni bu işe ugrukdyrypdy.

Il arasynda bolamda Nazar barada kän soraglar berilýär. Ony görendigim ýa görmänligim barada soraýan diňleýjilere hem duşýaryn. Şonda men Nazary görendigimi, onuň bilen saçak başynda duz-çörek bolmaklygyň miýesser edendigini aýdanymda, “Sen hakykatdan hem şol adamynyň hut özüni gördüňmi? Şu janly Nazary gördüňmi?” diýen ýaly soraglara hem duş gelýärin.

Hawa, ata watandan uzakda mekan tutan, kärini ýürekden söýüp, türkmen halkyna hyzmat eden ildeşimiz janly Nazar Hudaýberdini görmek maňa miýesser edipdi.

Ol Türkmenistana gelende, 2014-nji ýylyň 1-nji fewralynda onuň bilen görüşmek, şeýle beýik adam bilen saçak başynda oturmak maňa-da miýesser etdi. Munyň üçin men ykbalymdan müňde bir razydyryn we ol duşuşyk mende ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrypdy.

Ýakynda men onuň obadaşlarynyň biri bilen söhbetdeş boldym. Nazar Hudaýberdi öz dogduk obasyna baranda, onyň dost-ýarlary, dogan-garyndaşlary, ony efir üsti bilen tanaýanlar hem, onuň öz obasyna gezelenje gelendigini eşidip, edil zyýarata gelýän ýaly, topar-topar bolup ony görmäge geldiler.

Myhmançylyga çagyrmak üçin, görüşmek üçin sagat belläp, nobata durdylar. Klasdaşlaryndan Gurban Meret bolsa onuň hormatyna öz öýünde klasdaşlaryň duşuşygyny gurnady diýip, onuň obadaşy aýtdy.

Nazaryň aramyzdan ir gitmegi bütin türkmen halkynyň ýüregini sarsdyrdy. Näçe agyr degse-de, tebigatyň kanunyndan çykyp bolanok. Diňe oňa jaýyň jennetden bolsun, yzyňa saglyk bersin diýip, taňrydan dileg etmekden başga edip biljek zadymyz ýok.

Sen köpler üçin görelde mekdebi bolupdyň, ýatan ýeriň ýagty bolsun, kärdeş!

XS
SM
MD
LG