Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: Baş howpsuzlyk resmisi Tekebaýewiň tussaglygyny “syýasylaşdyrmazlyga” çagyrdy.


Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Abdil Segizbaýew (ç), Omurbek Tekebaýew (s)

Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Abdil Segizbaýew (ç), Omurbek Tekebaýew (s)

Gyrgyzystanyň baş howpsuzlyk resmisi kanun çykaryjylary oppozision lider Omurbek Tekebaýewiň tussag edilmegini “syýasylaşdyrmazlyga” çagyrdy. Dört gün bäri protest geçirýänler kanun çykaryjynyň boşadylmagyny talap edýärler.

Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Abdil Segizbaýew 1-nji martda parlamentiň maslahatynda eden çykyşynda kanun çykaryjylaryň “alnyp barylýan derňewlere hiç hili basyş etmeli däldigini” duýdurdy.

Segizbaýew oppozision “Ata meken” partiýasynyň para almakda we galplyklarda güman edilýändigini aýtdy.

Şol bir wagtda-da partiýanyň ýüzlerçe agzasy we beýleki protestçiler Bişkekde ýöriş geçirip, Omurbek Tekebaýewiň 26-njy fewralda Türkiýeden Bişkege baran badyna aeroportda tussag edilmeginiň yzýany başlan protest çykyşlaryny dowam etdirdiler.

Öňki prezident Roza Otunbaýewa Tekebaýewiň tussaglygyny “adalatsyz we syýasy matlaply” atlandyrdy.

Prezident Almazbek Atambaýew 28-nji fewralda eden çykyşynda Tekebaýewiň tussaglygyny goldady we onuň syýasy matlaply däldigini aýtdy.

27-nji fewralda sud Tekebaýewiň 25-nji aprele çenli deslapky tussaglykda galmagy barada höküm çykardy.

XS
SM
MD
LG