Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: V Aziýa oýunlarynda ýokary tizlikli internet we mobil telewideniýesi ýola goýlar


Türkmenistan V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görýär

Türkmenistan V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görýär

Türkmenistan 17-nji we 27-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna görýän resmi çäreleriň çäginde ýokary tizlikdäki interneti we mobil telewideniýesini ýola goýmaga taýýarlanýar.

Resmi magumata görä, türkmen telewideniýesinde “Türkmen Älem 52E” emele hemrasyny ulanmak arkaly sport bäsdeşligini göni efirde görkezmek ýola goýlar, internetiň daşarky kanalynyň tizligi iki esse ýokarlanar, şeýle-de Olimpiýa şäherçesiniň territoriýasynda we şäheriň beýleki ýerlerinde durnukly mobil telefon aragatnaşygyny üpjün etmek üçin 2G we 3G standartly stansiýalaryň 90-dan gowragy goşmaça ýerleşdiriler.

Türkmen resmileriniň internet aragatnaşygyny ösdürmek planlaryny yglan etmegine garamazdan, internetiň elýeterliligi ulanyjylar üçin çäkli bolmagyndan galýar. Aşgabatda internet aragatnaşygynyň yzygiderli kesilip durýanygy habar berilýär. Garaşsyz websaýtlaryň eçnemesi, şol sanda Azatlyk Radiosynyň intwernet sahypalary häkimiýetler tarapyndan petiklenýär.

Türkmen döwleti halkara ýaryşyna niýetlenip, Aşgabatda gurulan olimpiýa şäherçesine 2 milliard amerikan dollary möçberinde pul ýatyrdy.

XS
SM
MD
LG