Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda bank hyzmatlary üçin tutum girizildi


Türkmen plastik kartlary
Türkmen plastik kartlary

Türkmenistanyň banklarynda täze girizilen düzgüne laýyklykda, raýatlaryň bank hasaplaryna we döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň plastik kartlaryna gelen puluň 1%-den gowragy tutulyp alynýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň bank resmilerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, bu düzgün geçen ýylyň ahyryndan güýje girip, şondan bäri şahsy bank hasaplaryna pul gelen raýatlardan banklarda öz goýum depderçesini açmak talap edilýär.

Mundan öň raýatlar ýurduň içindäki banklaryň, aýratyn-da, Senagatbankyň we Halkbankyň üsti bilen özleriniň beýleki welaýatdyr şäherlerdäki dogan-garyndaşlaryna ýa-da tanyş-bilişlerine pul ugradanda, puly aljak raýatdan diňe şahsyýetini anyklaýan dokument talap edilýärdi.

Täze düzgüne görä, bank raýatyň şahsy hasabyna gelen pul serişdesini ilki onuň goýum depderçesine geçirýär we soňra oňa ugradylan puluň 1,12%-ni bank hyzmatlary üçin saklap galýar.

3000 manatdan ýokary möçber üçin...

Bank bu möçberdäki tutumy, döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň aýlyklary olaryň plastik kartlaryna geçirilende hem tutup galýar. Ýöne aýlygyň ýa-da ugradylan puluň möçberi 3000 manatdan ýokary bolsa, onda bank hyzmatlary üçin alynýan tölegiň möçberi hem 3%-e barabar bolýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanda döwlet býujetinden aýlyk alýan ýüz müňlerçe işgär öz plastik kartlaryndan günde 1000 manatdan, şahsy bank hasaplary bolan raýatlar bolsa öz bank hasaplaryndan aýda 3000 manatdan artyk pul alyp bilmeýärler.

Türkmen häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri banklarda berilýän pula çäklendirmeleriň we tutumlaryň girizilmegi barada halk köpçüligine bildiriş ýa-da maglumat bermeýärler.

Başga usullar

Käbir ýerli synçylar bank hyzmatlaryna çäklendirmeleriň barha köpelmegi sebäpli raýatlaryň käbirleriniň pul ugratmak üçin başga usullary oýlap tapýandygyny, olaryň bu babatda ýurt içindäki hususy taksiçileriň hyzmatlaryndan peýdalanýandyklaryny aýdýarlar.

“Şäher aralarynda, welaýat-paýtagt arasynda gatnaýan hususy taksilerden (pul) iberilende, näçedigi tapawudy ýok, eline sanap berýärler. Kime eltmeli bolsa, şol adamyň öý adresini, mobil telefon nomerini berýärler. Olar 1000, 2000 ýa-da 100 manat tapawudy, äkidýän pul serişdesi üçin 20 manat alyp, elin eltip berýär. Adamlar mümkin boldugyndan bank hyzmatyndan ýüz öwürýärler” diýip, aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Türkmenistanda bank hyzmatlaryna mundan öňem birnäçe gezek çäklendirmeler girizilipdi. Häzirki wagtda raýatlar daşary ýurtlardaky dogan-garyndaşlary tarapyndan öz şahsy bank hasabyna ugradylan daşary ýurt walýutasyny (puly) diňe türkmen manadynda alyp bilýärler. Şeýle-de çagalary daşary ýurtlarda okaýan ene-atalaryň hem pul ugratmak mümkinçiligi çäklendirilip, olar her aý diňe çäkli möçberdäki puly ugradyp bilýärler.

XS
SM
MD
LG