Sepleriň elýeterliligi

Macron Fransiýadaky musulmanlaryň goldawyndan tamakin


Emmanuel Macron

Fransiýada barha golaýlaşýan prezidentlik saýlawy ýurtdaky musulmanlar üçin gaty çynlakaý aladalary döredip biler. Milletparaz taparyň ýolbaşçysy, aşa sagçy Mari Le Pen ilkinji pikir soralyşygyň netijelerine görä prezidentlik bäsleşinde öňde barýar.

Le Pen "Fransiýanyň ruhuny" halas etmek üçin ýurtda halal eti, dini eginbaşlary we burkinini gadagan etjekdigi barasynda söz berýär.

Saýlawyň ilkinji tapgyrynda Le Peniň soňraky orny eýeleýän merkezi hereketiň dalaşgäri Emmanuel Macron bolsa pikir soralyşygyň netijesine görä, saýlawyň ikinji tapgyrynda ony ýeňip bilýär.

"Häzir Fransiýada..."

Owalky ykdysadyýet ministri Emmanuel Macron 39 ýaşynda. Ol bütin dünýäde barha güýçlenýän aşa sagçy hereketiň we onyň Fransiýadaky tarapdary bolan Le Peniň öňüni almak üçin, musulman saýlawçylaryň sesini almaga synanyşýar. Emmanuel Macron owal yslam hakda şeýle diýipdir: "Häzir Fransiýada haýsam bolsa bir din problema däldir". Ol şol bir wagtyň özünde baknaçylyk döwründe fransuzlaryň Alžirdäki "jenaýatlaryny we gödek hereketlerini" hem tankyt etmegi hem ýadyndan çykarmaýar.

"Ereýän kitap" atly internet sahypasynyň eýesi, alžirli Nadia Henni Moulai onuň owalky gatnaşygyny göz öňünde tutmak bilen prezidentlik kampaniýasy mahalynda berýän wadalaryny soň ýerine ýetirip biljeginden şüphe edýär.

"Ol, ENA-ny (Milli dolanşyk okuwyny) gutaran beýleki uçurymlar ýaly özüni bar bolan ulgamyň garşydaşy ýaly tanatmak isleýär. (...) Ol soň maýa goýum bankçysy ýaly işläpdir ahbetin. Öňe sürýän garaýyşlaryny bir tarapa goýsak, ol bar bolan ulgamyň agzasydyr. Musulmanlara garşy edilýän çykyşlar we tutumlar diýseň ünsi çekýär. Macron şol sebäpdenem mundan peýdalanmak isleýär. Musulmanlara garşy hökman bir söz aýdaýmaly, onda-da Ýeliseý köşgüne çykmak isleýän bolsaň. Onuň başga şygarlar bilen özüni prezident saýladyp biljegine şübheli garaýaryn. Fransiýada "Kampaniýany sagdan alyp bar, ýöne merkezden dolandyr" diýen bir söz bar" diýip, Henni Muolai "Al Jazeera" kanaly bilen geçiren gürrüňdeşliginde belleýär.

"Nämä ynanýandygyň onyň üçin ähmiýetli däl"

"Al Jazeera" kanaly bilen gürrüňdeş bolanlardan Tuluzda ýaşaýan satuwçy hünärmen Ýousef Barbouç bolsa, Macronyň yslam barada edýän çykyşlaryna göwni ýetendigini aýdýar. Ýöne owalky döwürlerde bolşy ýaly, saýlaw kampaniýasynda berlen ýagşy wadalaryň soň unudylýandygyny hem sözüniň üstüne goşýar. Barbouç şeýle diýýär: "Macron britan we amerikan dünýägaraýşyny ýagşy öwrenipdir. Nämä ynanýandygyň onuň üçin ähmiýetli däl. Häzirki döwürde höküm sürýän gorkuly ýagdaýda, şeýle çykyşlary eşitmegem jana ýakymlydyr".

Ol owalky prezident N. Sarkozynyň hem ilki başda şeýle wadalar berip, soňam ondan ýüz öwrendigini şeýle ýatladýar:

"2009-njy ýylda Sarkozynyň hem hut şeýle pikirleri beýan edendigini ýadymdan çykaramok. Meselem, ol hijaplylaryň tarapyny tutýardy. Ýöne 7 ýyl soň durşy bilen başatgyja garşy çykdy".

"Arabaglanyşyk köp sowal döredýär"

Parižde ýaşaýan biznes geňeşçisi Karim Brekuin hem Macronyň yslam barada aýdýanlarynyň musulmanlara ýaraýandygyny, ýöne ýokary gatlak bilen bar bolan owalky aragatnaşygynyň bu ugurda oňa päsgelçilik döretjekdigini nygtap, şeýle diýýär:

"Beýleki dalaşgärlere garanda, Macron has medeni hem sowatly görünýändigi üçin, köp adamyň oňa ses beresi gelýär. Beýlekilere görä has ýaş bolmagy we şonuň üçinem täzelikçi ýaly görünmegi köpçüligiň ünsüni özüne çekýär. Ýöne onuň Dominique Strauss-Kahn bilen bolan aragatnaşygy diýseň köp sowal döredýär".

Tuluzyň Kapitol uniwersitetiniň hukukşynasy Rim-Sarah Alouane bolsa "Saýlawda öz bähbidi üçin "Yslam howpuny" öňe sürýänlere garalanda, Macron özüni diýseň gowy alyp barýar. Ýöne adamlar Macronyň wadasyna wepaly boljagyndan ikirjiňlenýärler. Şäheriň kenar ýakalaryna baryp, köpmilletli medeniýetiň baýlykdygy barasynda ýokary perdeden çykyş etmek oňaýly ýagdaýdyr we muňa mätäçlik çekilýär. Ýöne ol bu sözleriň yzynda berk durmasa, adamlar oňa ynam bildirmez we özüni aldatmaz" diýen pikiri beýan edýär.

Fransiýadaky yslamofobiýa jedelleşiklerine işjeň gatnaşýan Ýasser Louati bolsa, döwletiň azlyklary ýekirýändigi hakda "batyrgaý beýannamalar" berýänem bolsa Macronyň esasy tutarygynyň näbellidigini şeýle nygtaýar:

"Hiç kim onuň maksatnamasynyň nämeden ybaratdygyny bilenok... Macron, hiç haçan milletparazlygyň aňyrsynda ýatýan sebäplere garşy täsirli çynlakaý çäre görüljekdigi ýa-da yslamofobiýa kanunlaryna nähili çemeleşjekdigi babatda söz aýtmaýar".

"Hiç kime ses berjek däl"

"Al Jazeera" telekanaly bilen gürrüňdeş bolan musulmanlaryň arasynda iň wawwaly meseläni gün tertibine getiren Louati geljek prezident saýlawynda ses bermejegini belläp, şeýle diýýär:

"Men prezidentlige dalaşgär Emmanuel Macron bolsun ýa-da başga haýsam bolsa bir dalaşgäre ses bermekçi däl. Çünki meniň pikrime görä, ses bermek diýmek häzirki ahlak taýdan çöken, guramaçylyk taýdan hem şowsuzlyga uçran syýasy ulgamy goldamak bolardy".

XS
SM
MD
LG