Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Aşgabatda Owganystan boýunça ykdysady konferensiýanyň geçiriljegini aýtdy


Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammiti, Yslamabat

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammiti, Yslamabat

Owganystan boýunça 7-nji regional ykdysady konferensiýa 14-nji we 15-nji noýabrda Aşgabatda geçiriler diýip, Türkmenistanyň prezidenti Yslamabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitinde 1-nji martda eden çykyşynda aýtdy.

Resmi maglumata görä, Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň, Pakistanyň we Owganystanyň arasynda elektrik energiýa pudagy boýunça üç taraplaýyn ylalaşyga gol çekilendigini belledi.

Berdimuhamedow Owganystanda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň regionda ösüş gazanmak üçin möhümdigini belledi.

Türkmenistan Owganystana ýeňillikli şertler esasynda elektrik energiýasyny berýär we ynsanperwer kömegini ýollaýar.

XS
SM
MD
LG