Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan: Žurnalist we öňki prezident Kerimowyň ýegeni ruhy hassahanadan boşadyldy


ÝHHG-niň media azatlygy boýunça wekili Dunja Mijatowiç

ÝHHG-niň media azatlygy boýunça wekili Dunja Mijatowiç

Özbegistanly žurnalist we öňki prezident Yslam Kerimowyň ýegeniniň 10 ýyl çemesi wagtdan soň ruhy hassahanadan boşadylandygy Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) maglumatynda aýdylýar.

1-nji martda çap bolan beýannama görä, ÝHHG-niň media azatlygy boýunça wekili Dunja Mijatowiç Jamşid Kerimowyň boşadylmagyny makullady. ÝHHG-niň maglumatynda Kerimowyň haçan boşadylandygy aýdylmady.

Bu barada Özbegistanyň hökümetinden maglumat bolmady.

Şeýle-de Kerimowyň maşgalasy agzalmady. Emma mälim bolşuna görä, Jamşid Kerimow 25 ýylyň dowamynda Özbegistany dolandyran we 2016-njy ýylda ýogalan Yslam Kerimowyň ýegeni.

49 ýaşly Jamşid Kerimow özbek hökümetini we Jizzak regionynyň häkimiýetlerini tankytlap ýazan makalalary bilen tanymal. Ol 2011-nji ýylda boşadylypdy, emma yzýany gaýtadan ruhy hassahana ýerleşdirilipdi.

Şeýle-de ÝHHG-niň media azatlygy boýunça wekili Mijatowiç özbek häkimiýetlerini tussaglykdaky žurnalistleri boşatmaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG