Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa: Kosowonyň öňki premýer-ministri we partizan ýolbaşçysynyň ektradisiýasy yza tesdirildi


Kosowonyň öňki premýer-ministri we 1998-1999-njy ýyllarda Kosowoda bolan urşuň dowamynda partizanlara ýolbaşçylyk eden Ramuş Haradinaj, Kolmar şäheriniň sudy, 2-nji mart, 2017
Kosowonyň öňki premýer-ministri we 1998-1999-njy ýyllarda Kosowoda bolan urşuň dowamynda partizanlara ýolbaşçylyk eden Ramuş Haradinaj, Kolmar şäheriniň sudy, 2-nji mart, 2017

Fransiýanyň şikaýat sudy Kosowonyň öňki premýer-ministri we 1998-1999-njy ýyllarda Kosowoda bolan urşuň dowamynda partizanlara ýolbaşçylyk eden Ramuş Haradinajiň ekstradisiýa edilmegine degişli mesele boýunça kararyny yza tesdirdi.

Sud Haradinajiň ýurduna berilmegine degişli karara 6-njy aprelde gelinjegini aýtdy.

Fransiýanyň häkimiýetleri 4-nji ýanwarda Fransiýa baran Haradinaji Serbiýanyň talaby boýunça tussag edipdi. Serbiýanyň häkimiýetleri onuň Serbiýanyň günorta böleginde partizanlyk hereketleri amala aşyrandygy üçin uruş jenaýatkäridigini aýdýarlar.

1998-1999-njy ýyllarda Serbiýanyň güýçleriniň we kosowoly alban partizanlarynyň arasyndaky urşunyň soňuna NATO-nyň howadan amala aşyran hüjümleriniň netijesinde çykylypdy.

Esasan etnik alban ilatly Kosowo 2008-nji ýylda Serbiýadan garaşsyzlygyny yglan edipdi. Bu ädim dünýäniň 114 ýurdy tarapyndan ykrar edildi.

Haradinaj sud diňlenişiginiň yzýany sözlän sözünde “bu zulum” diýdi we özüniň syýasy zamundygyny aýtdy.

Onuň tussag edilmegi Serbiýanyň we Kosowonyň arasynda dartgynlylygy güýçlendirdi.

XS
SM
MD
LG