Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz partiýasy öz lideriniň tutulmagyny ýykylan uçaryň derňewi bilen baglaýar


Tekebaýewiň tarapdarlary proteste çykyp, onuň boşadylmagyny talap etdi.

Gyrgyzystanda oppozisiýa partiýasynyň lideri Ömürbek Tekebaýewiň tussag edilmegi bilen başlanan galagopluk onuň syýasy partiýasynyň bu işi Türkiýäniň ýanwarda ýykylan ýük uçarynyň derňewi bilen baglanyşdyrmagy netijesinde täze bir öwrüm aldy.

«Ata Meken» partiýasy ýykylan uçardaky ýükleriň prezident Almazbek Atambaýewe degişli bolandygyny we Tekebaýewiň bu baradaky subutnamany aşak basmak üçin nyşana alnandygyny aýdýar.

Prezident Atambaýewiň sözçüsi bu aýdylýana «ýalan» diýip, ony inkär etdi.

Gyrgyzystanyň Daşary işleri ministrligi hem 1-nji martda bu aýdylýanlary ret etdi we Türkiýäniň ilçisiniň oppozisiýanyň salgylanýan subutnamasyna «galp» diýendiginiaýtdy.

Tekebaýewiň «Ata Meken» partiýasynyň aklawçysy 1-nji martda Tekebaýewiň ýykylan türk uçaryndaky ýükleriň prezident Atambaýewe we onuň aýalyna degişlidigi baradaky dokumentleriň çap edilmeginiň öňüni almak üçin tussag edilendigini aýtdy.

Tekebaýew 26-njy fewralda, Kiprden Türkiýäniň üsti bilen Bişkege gelende tussag edildi.

Talaýgül Toktakunowanyň žurnalistlere aýdan sözlerine görä, "Kanun goraýjy guramalaryň wekilleri ol dokumentleri jemgyýetçilige ýetmänkä almak üçin Tekebaýewi aeroportda tussag etdiler we onuň aklawçylar bilen duşuşmagynyň öňüni bagladylar».

"Tekebaýew bu maglumaty öz wagtynda jemgyýetçilige ýetirip bilmedi» diýip, aklawçy aýtdy.

16-njy ýanwarda, Bişkegiň golaýynda ýykylan «MyCargo 747-400» uçarynda dört ekipaž agzasy we ýerdäki 35 adam heläk bolup, ýüküň nirä barýandygy we eýesiniň kimdigi hakynda bir topar gep-gürrüňiň ýaýramagyna sebäp boldy.

Toktakunowa Bişkekede guralan metbugat ýygnagynda, onuň öz sözlerine görä, Türkiýäniň howpsuzlyk gullugynyň resmi kagyzynda çap edilen dokumenti görkezdi.

Ol bu dokumentiň rusça terjimesi diýilýäni sesli okady wetürk howpsuzlyk gullugynyň ýykylan uçar boýunça derňew geçirendigini hem-de ol ýerden tapylan «mobil telefonlaryň, kompýuterleriň, beýleki tehniki enjamlaryň, nagt puluň we gymmatbaha metallaryň we daşlaryň Gyrgyzystanyň prezidenti Atambaýewe hem-de onuň aýalyna degişli bolandygy” barada netije çykarandygyny aýtdy.

Emma Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi ministr Erlan Abdyldaýewiň Bişkekde, Toktakunowanyň metbugat ýygnagyndan soň, opposiýanyň beýanatyny ara alyp maslahatlaşmak üçin türk ilçisi Metin Kiliç bilen duşuşandygyny aýdýar.

Ministrligiň beýanatynda türk ilçisiniň Abdyldaýewe türk howpsuzlyk gullugy «beýle usulda işlemeýär we öz resmi kagyzynda çap edilen dokumenti hiç kime bermeýär» diýendigi aýdylýar.

Mundanam başga, ministrligiň beýanatynda Kiliçiň gyrgyz ministrine Toktakunowanyň 1-nji martdaky metbugat ýygnagynda görkezen dokumentiniň «galp, ýasama dokument bolandygyny» aýdandygy bellenilýär.

Tekebaýew uçar heläkçiligini derňemek boýunça parlament tarapyndan döredilen komissiýanyň başlygynyň orunbasary hökmünde bu işi derňemekde işjeňlik görkezipdi. Şeýle-de ol, gyrgyz resmileriniň uçar eýesi baradaky gapma-garşylykly maglumatlaryna salgylanyp, gyrgyz häkimiýetlerini bu heläkçilik baradaky maglumatlary ýaşyrmak synanyşygynda aýyplapdy.

Atambaýew ne uçaryň ýykylan ýerine bardy, ne-de aman galanlar, pida bolan oba adamlarynyň garyndaşlary bilen duşuşdy.

Prezident adminstrasiýasynyň maglumat syýasaty bölüminiň başlygy Almaz Usonow aklawçynyň aýdýanlarynyň diňe «bolgusyzlyk» ýa «ýalan» däldigini aýtdy.

"Hakykatda Tekebaýewiň aklawçylarynyň eden zady derňewe päsgel bermek, bu jenaýat işini syýasylaşdyrmak we jemgyýetçiligiň ünsüni başga ýere sowmak üçin edilýän zat» diýip, ol Azat Ýewropa, Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugyna aýtdy.

Şu aralykda Tekebaýewiň ýüzlerçe tarapdary tapgyr dördünji gün proteste çykyp, Tekebaýewiň boşadylmagyny talap etdi. Gyrgyz milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Abdil Segizbaýew bolsa, kanun çykaryjylara bu derňewlere «hiç bir basyş görkezmelik» barada duýduryş berdi.

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Roza Otunbaýewa Bişkekde guralan protestde çykyş edip, Tekebaýewiň tussag edilmegini «adalatsyz we syýasy sebäpli» diýip atlandyrdy.

27-nji fewraldaky sud karary Tekebaýewiň 25-nji aprele çenli tussagda saklanmagyny buýurdy. Ol premýer-ministriň orunbasary bolup işlän mahalynda rus telekeçisinden 1 million dollar para almak aýyplamasy esasynda derňelýär.

Ozal Atambaýewiň ýarany bolan Tekebaýew 2016-njy ýyldaky konstitusiýa düzedişlerini tankytlap, prezidentiňtankytçylarynyň birine öwrüldi.

Tankytçylar Atambaýewiň bu düzedişler arkaly 19-njy noýabrdaky prezident saýlawlarynda soňlanýan bir möhlet prezidentliginden soň häkimiýetde galmak isleýändigini aýdýarlar.

Tekebaýewiň tarapdarlarynyň pikirine görä,bu jenaýat derňewi syýasatçynyň prezident saýlawynda bäsleşmeginiň öňüni almak maksadyndan ugur alýar.

Atambaýew 28-nji fewralda Tekebaýewiň tussag edilmeginiň syýasy sebäpli däldigini aýtdy.

Tekebaýew soňky hepdelerdehäkimiýetler tarapyndan sorag etmek üçin saklanan «Ata Meken» agzalarynyň üçünjisi bolup durýar.

XS
SM
MD
LG