Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň ZTE kompaniýasynyň Eýrana çäklendirilen tehnologiýalary satmakda günäni boýun almagyna garaşylýandygy aýdylýar


Hytaýyň ZTE korporasiýasynyň baş edarasy, Şençžen, Hytaý
Hytaýyň ZTE korporasiýasynyň baş edarasy, Şençžen, Hytaý

Reuters agentligi Hytaýyň “ZTE Corp” telekommunikasiýa kompaniýasynyň ABŞ-nyň gozgan jenaýat işi boýunça özüni Eýrana çäklendirilen tehnologiýalary satmakda günälidigini boýun almagyna garaşylýandygyny habar berdi.

Kompaniýa bu ugurdan ABŞ-nyň kanuny goraýjy edaralary bilen entek ylalaşyk baglaşmady diýip, Reuters 2-nji martda habar berdi, emma onuň Adatdan daşary ykdysady güýçler boýunça halkara aktyny bozmak boýunça dildüwüşik bilen bagly günäni boýun almagyna we ýüzlerçe million dollar möçberinde jerime tölemegine garaşylýandygyny mälim etdi.

Söwda departamentiniň derňewleri kompaniýanyň 2012-nji ýylda Amerikanyň ady belli tehnologiýa kompaniýalaryndan millionlarça dollarlyk kompýuter programmalaryny Eýranyň iň uly telekommunikasiýa edarasyna satmak barada ylalaşyga gol çekendigini anyklady.

Dünýäniň iň uly telekommunikasiýa enjamlarynyň öndürijisi we ABŞ-da satýan smartfonlarynyň sany boýunça dördünji ýerde durýan ZTE kompaniýasy tutuş dünýä boýunça söwda alyp barýar we ABŞ-nyň “Qualcomm”, “Microsoft” we “Intel” ýaly kompaniýalary bilen işleşýär.

XS
SM
MD
LG