Sepleriň elýeterliligi

“Al-Kaýda” Siriýada öz liderlerinden al-Masriniň öldürilendigini tassyklady


Siriýanyň Idlib şäheri

“Al-Kaýda” ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň sürüjisiz uçarynyň Siriýada amala aşyran zarbasynyň özüniň nomer ikinji lideri Abu al-Kayr al-Masrini öldürendigini tassyklady.

Söweşiji toparyň Magrebdäki we Arap ýarym adasyndaky bölümleriniň ýaýradan beýannamasynda onuň “zulumly” zarbadan “gahrymanlarça” ölendigi aýdyldy.

Müsürde doglan 59 ýaşly Masri “Al Kaýdanyň” baştutany Aýman al-Zawahiriniň goly astyndaky ikinji ýolbaşçydy.

ABŞ-nyň resmileri Masriniň Siriýanyň demirgazyk-günbatar şäheri Idlibiň golaýynda ulag sürüp barýan wagtynda Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) sürüjisiz uçary tarapyndan 26-njy fewralda amala aşyrylan zarbasynyň netijesinde öldürilendigini aýtdylar.

Idlib “Al Kaýdanyň” Siriýadaky ýarany “Nusra Frontunyň” (Fateh al-Şam Fronty) galasy hasaplanýar.

Şeýle-de Abdullah Muhammad Rajab Abdulrahman ady bilen tanalýan Masri “Al Kaýdanyň” esaslandyryjysy Osama bin Ladeniň giýewi we “Al-Kaýdanyň” geňeşiniň agzasy.

Masriniň 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda ABŞ-da amala aşyrylan terrorçylykly hüjümlerden soň Eýranda başpena tapandygy hasap edilýär. ABŞ-nyň güýçleri Masrini 19 ýylyň dowamynda gözledi.

XS
SM
MD
LG