Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanyň sudy korrupsiýa barada maglumat berýän blogger Huseýnowa iş kesdi


Azerbaýjanly blogger Mehman Huseýnow, 24-nji fewral, 2017

Azerbaýjanda korrupsiýa barada maglumat bermegi bilen tanalýan blogger dil ýetirmekde aýyplanyp, iki ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Bakuwyň sudy Mehman Huseýnowa polisiýa barada babatyndaky hereketleri üçin 3-nji fewralda höküm çykardy.

Huseýnow we onuň aklawçysy Elçin Sadikow aýyplamalary we suduň çykaran kararyny syýasy matlaply atlandyrdylar.

Huseýnow 9-njy fewralda tussag edilipdi we günüň ertesi oňa polisiýa garşylyk görkezmekde günä bildirilipdi.

Huseýnowy dönüklikde aýyplamak bilen bagly iş onuň polisiýa tarapyndan urlup-ýenjilendigini we korrupsiýa garşy alyp barýan işini bes etmegiň talap edilendigini 10-njy fewralda mälim etmeginiň yzýany gozgalypdy.

Dekabr aýynda Huseýnow hökümet resmileriniň we kanun çykaryjylaryň emlägi bolmagy güman edilýän kaşaň jaýlaryň suratlaryny çap edipdi.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar prezident Ilham Aliýewiň hökümetini jenaýat işlerini gozgamagy başga pikirdäkileri yzarlamak üçin ulanmakda aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG