Sepleriň elýeterliligi

Köçeler giňelýär, jaýlar ýumrulýar


Aşgabadyň Hitrowka raýonynyň çäginden geçýän ozalky Griboýedow, häzirki Hoja Ahmet Ýasawy köçesi indi bir ýyl bäri giňeldilip, onuň ugrunda ikigapdallaýyn ýerleşýän birnäçe edara jaýlary, ýaşaýyş jaýlary, Arzuw bazary hem ýumruldy.

Soňky bir aýyň dowamynda bu köçäniň Andalyp köçesinden başlap, günbatarlygyna Gogol köçesi aralygyna çenli bölegi giňeldilip başlandy. Bu rekonstruksiýa işleri bilen bagly, gündogardan-günbatarlygyna köçäniň ugrundaky sag tarapky ýaşaýyş jaýlaryndan onlarçasy ýumruldy.

Efirde adynyň tutulmazlygyny soran şol köçäniň ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, soňky wagtlarda Aşgabat şäherinde gurulýan jaýlardan, ýumrulýan jaýlaryň agdyklyk edýänligi sebäpli, köçeleriň giňeldilmegi, çatryklaryň rekonstruksiýa edilmegi sebäpli, ýumrulýan jaýlaryň ýaşaýjylary häkimlikleriň gazaplaryna aşa sezewar edilýärler.

“Sähel bahana tapsalar ilatyň 25-30-ýyllap ýaşap oturandygyňa seretmezden, seni köçede galdyrýarlar” diýip, ýaşaýjylar aýdyýarlar.

Ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, ol 4 ogly we onuň çagalary bilen bir howluda ýaşap gelipdirler. Olar howlynyň içinde her maşgala üçin iki-üç otagly jaýlary gurup, uly bir maşgala bolup oňuşyp ýaşap, parahat gezipdirler.

Emma köçäniň giňeldilmegi bilen olaryň jaýlary ýumrulyp, olara diňe bir otagly jaý berlipdir. Sebäbi olaryň soňky guran jaýlaryna inwentar delosynda çyzgyny üýtgedip, goşmaça gurluşyklary resmileşdirmäge mundan 10-15 ýyl ozaldan bäri rugsat berilmändir. 1960-njy ýyllarda düýbi tutulan jaýlaryň ilkinji otaglarynyň kwadrat metri bolsa, bir otagly kwartiranyň möçberine laýyk gelýärmişin.

“Seniň giň howlyňy ýumuryp, bir otagly jaý berilmegi, edil köçä zyňylmagyň bilen deň” diýip, hatda uzak möhletli ýeňillikli kredit bilen gurulýan jaýlardan hem alyp bolmaýandygyny ol ýaşaýjy aýdylýar.

Köçäniň ugrunda alnyp barylýan işleriň bu köçäniň ugrunda ýerleşýän mekdebe gatnaýan okuwçylarada, köçäniň ugrunda ýumrulman galan jaýlaryň ýaşaýjylaryna-da öz ýaramaz täsirini ýetirýändigi äşgär görünýär.

Agyr tehnikalaryň turuzýan tozany asmana galýar. Ozalky Halturin köçesiniň ugrunda maşyn gatnawy juda köp bolany sebäpli, bu köçe bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygynyň tozany jaýlaryň içinde hem demiňi tutýar diýip ýaşaýjylar aýdýarlar.

Aşgabat şäherinde alynyp barylýan ýol gurluşyklarynyň çäginde adat boluşy ýaly ilat üçin dürli kynçylyklary döredip, ýollary giňeldýärler. Soňra bolsa giňeldilen ýollaryň iki tarapyndaky ýaşaýyş jaýlaryny hem ýumrup başlaýarlar.

Jaýlary ýeterlik gurup, ilaty göçürip, ýol gurluşyklaryna soňra başlaýsalar gowy bolardy, onda ilat tozanyň içinde, agyr tehnikalaryň sesinden arkaýyn ýatyp bilmän kösenmezdiler diýip, jaýlary ýumrulyşyga düşýän ýaşaýjylar nygtaýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG